TÜRKMENIŇ ÝÜPEK ÝOLY GAZETINIŇ INTERNET SAÝTY OKYJYLARYŇ HYZMATYNDA

TÜRKMENIŇ ÝÜPEK ÝOLY GAZETINIŇ INTERNET SAÝTY OKYJYLARYŇ HYZMATYNDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary tehnologiýalary ulanýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ykdysadyýete geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň birine öwrüldi.Hormatly Prezidentimiziň pudagara elektron ulgamy döretmek bilen baglanyşykly kabul eden “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” ykdysadyýetimiziň ösüş depginini tizleşdirmäge we sanly tehnologiýany ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, hususan-da, halkymyza edilýän hyzmatlary täze hil derejesine çykarmaga gönükdirilendir.

Bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmendemirýollary agentliginiň esaslandyran Türkmeniň ýüpek ýoly gazetiniň tyy-news.gov.tm resmi saýtynyň işe girizilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Gazetiň elektron görnüşiniň hödürlenmegi bolsa çap edilen gazet sahypalaryny onlaýn görnüşde okyjylara islendik elektron enjamlarynda — şahsy kompýuter, planşet we smartfon arkaly täzelikleri islendik ýerde okamaga mümkinçilik berýär.

Okyjylar Türkmendemirýollary agentliginiň garamagyndaky Türkmeniň ýüpek ýoly gazetiniň resmi saýtynyň Baş sahypa, Habarlar, Pudaklar, Rubrikalar, Bildirişler, Arhiw, Salgymyz bölümlerinden özlerini gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp bilerler. Baş sahypada hepdäniň möhüm habarlary, ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli makalalar, seslenmeler ýerleşdirilendir.

Habarlar bölümi ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna degişli ähli habarlary, makalalary, seslenmeleri özünde jemleýär. Pudaklar bölüminde ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli pudaklar barada ýazylan habarlardyr seslenmeler, makalalar bilen aýratynlykda tanşyp bilersiňiz. Bu bölüm hem 5 penjireden ybaratdyr. Olar aragatnaşyk, demir ýol, awtomobil, deňiz we derýa, howa ulaglary pudaklary baradaky maglumatlara alyp barýan köprüdir.

Rubrikalar bölüminde ýerleşdirilen habarlar mowzugy boýunça 10-dan gowrak temada bolup, olar gerimi giňligi hem-de gyzyklylygy bilen tapawutlanýar.Bu bölüm dürli ugurlar boýunça täzelikler, gyzykly maglumatlar, peýdaly maslahatlar we täsinlikler boýunça habarlary özünde jemleýär.

Bildirişler bölümi ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli mahabatlar we bildirişler bilen okyjylarymyzy tanyş etmek üçin niýetlenendir.Arhiw bölüminde bolsa gazetiň geçenki sanlaryna salgylanmak mümkinçiligi bar.Salgymyz bölüminde bolsa redaksiýa bilen habarlaşmak üçin neşiriň ýuridiki we bank maglumatlary bilen tanşyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Hamas Ysraýyl bilen gepleşikleri palestinaly tussaglar boşadylýança bes etdi
Türkmen Gazy Türkiýä Gelýär
Ispaniýa Gaza Ynsanperwer Kömegini Berýär
Prezident Erdogan Malaýziýa Gitdi
Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n
Hakan Fidan Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Tramp: “Men Gazany Satyn Almakda we Oňa Eýe Çykmakda Ygrarly”