“Türkmeniň terbiýe ýoly”

“Türkmeniň terbiýe ýoly”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 88- nji orta mekdebinde “Türkmeniň terbiýe ýoly” ady bilen wagyz -nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler biziň baý edebi mirasymyz, edep-ekrama, milliligimize, öwüt-ündewe, wagyz-nesihata ýugrulan “Kowusnama”, “Bilimnama”, “Wagzy-Azat” eserleri şeýle-de Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary, nesilleriň geljekde amal etmeli ädimleriniň gözbaşy bolup durýar.

Hormatly Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplaryny okan her bir ynsanda Watany, halky, ene-atany söýmek, hormatlamak, maksada okgunly bolmak, ruhubelentlik, zähmeti söýmek, sabyrlylyk, kanagatlylyk, çydamlylyk ýaly ajaýyp häsiýetleriň kemala geljekdigini, bu eserleriň nesileri watançylyk, harby-gahrymançylyk, agzybirlik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetiniň çäksizdigini buýsanç bilen çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda mährem eneler we zähmetsöýerlik hakyndaky okap berlen rowaýatlar okyjylarda uly täsir galdyrdy şeýle-de hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan kitaplaryndan gurnalan kitap sergi bilen tanyşdyryldy we sergidäki kitaplara syn berildi. Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlaryna täze häkim bellenildi
Türkmen telewideniýesindäki ilkinji tans bäsleşigi jemlendi
Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny ýubileý medaly bilen sylaglady
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany N.B.Kowusow hakynda