“Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylary çemodanlarynyň açylmagyndan we bagaždaky çilimleriniň ýitmeginden nägile bolýarlar

“Türkmenhowaýollary” Aşgabadyň üstünden bir topar populýar tranzit uçuşlary amala aşyrýar. Mysal üçin, Moskwa-Aşgabat-Bangkok reýsi dynç almaga gidýän orsýetlileriň arasynda meşhur, Londondan bolsa hindi Amritsaryna hindi asylly britanlar ýygy-ýygydan uçýar.

“Türkmenitsnayň Hronikasy” “Türkmenhowaýollarynyň” bütin dünýäden bolan müşderilerine nämeleriň ýarap, nämäniň ýaramaýandygyny, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy noýabrda bu kompaniýanyň başlygy Döwran Saburowa işde goýberen kemçilikleri üçin soňky duýduryşyny we käýinçjini bermeginiň näderejede ýerliklidigini anyklmak kararyna geldi.

Dünýäde syýahatçylyk boýunça iň iri saýtlarynyň biri bolan Tripadvisor “Türkmenhowaýollaryna” ýolagçylaryň 89 seslenmesinden gelip çykýan bäş bally derejesinde 3,5 ball berýär.

Gymmat bolmadyk biletleriň gözlegi boýunça Airlines-inform saýtynda bu reýting 1145 bahanyň esasynda 5-den 4-e barabar.

SKYTRAX saýtynyň ulanyjylary bu howaýollaryna 10-dan 4 ball berdiler.

Syýahatçylar “Türkmenhowaýollarynda” biletleriň elektron usulda satylmazlygyndan we onlaýn-hasaba alnyşynyň bolmazlygyndan şikaýat edýärler.

Ýogsa Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Baýram Annamederedow 9-njy iýunda hasabat berip, “Türkmenhowaýollarynyň“ biletleriniň onlýan-satylyşynyň ikigatly guramaçylygy ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle-de adamlar türkmen aeroportlarynda işleýänleriň gödekliginden we hasaba alyş ýerlerindäki nobatlardan nägile bolýarlar.

Ýene bir bellenmegi möhüm zat, çemodanlaryň açylyşy we olaryň içindäki zatlaryň, hususan-da çilimleriň ýitişi boýunça şikaýatlar köpelip başlady. Belki-de bu Türkmenistanda henizem temmäki önümleriniň söwdasynda bökdençlikleriň dowam etmegi bilen baglanyşyklydyr.

Şol bir wagtda, ýolagçylar öz ýazgylarynda biletleriň degişlilikde arzandygyny, pilotlaryň professionallygyny we uçarlaryň arassadygyny belleýärler. Emma, ýolagçylar işlemeýän monitorlardan şikaýat edýärler, beýleki howaýollarynyň uçarlarynda bu hili monitorlar arkaly kino görüp ýa-da saz diňläp bolýar. Her uçaryň salonynda goýulýan prezident portreti bolsa ýolgaçylara görnüşinden, gülkünç görünýär.

Uçarlaryň bort işgärleri barada aýdylanda, pikirler dürli-dürli.

Birleri bortdaky hyzmatyň hilinden razy, beýlekileri närza we ýylgyrmaýan stýuardessalardan we stýurdlardan, mysal üçin, wegeterian nahary soralanda ýüzleriniň alnyşyndan şikaýat edýärler.

SKYTRAX saýtynyň ulanyjylary işgärleriň bortda hem, aeroportda hem guramaçylykly däldigi hakynda bir pikire gelýärler. Ýolagçylary reýsiň gijä galýandygy bilen hiç kim habarly etmeýär, aeroportyň köp işgäri iňlis dilinde gürlemeýär.

Ýolagçylaryň käbiriniň galdyran ýazgylaryny getireliň (orfografiýa we punktuasiýa bolşy saklanyldy):

• “Batyrgaýlyk bilen aýdyp biljek ähli parametrler boýunça bu awiakompaniýa iň gowularyň biri, bu meniň pikirim. Nahar biletiň bahasyna girýär, hemişe hemme zat gyzgyn, ter we tagamly, suwy, çaýy we içgileri (alkogolsyz) näçe sorasaň berýärler, hemmesi biletiň bahasynyň içine salnan”.

• “Bangkoga uçup gelip, biziň çemodanymyzyň açylandygyny bildik, plýonka hem-de kodly gulp aýrylypdyr. Içindäki zatlary barlapdyrlar çemodanda gymmat bahaly hiç zat ýokdy, şu sebäpden hemme zat ýerinde. Biziň reýsimizdäki ýolagçylar şikaýat etmäge başladylar, biz ýeke däl ekenik, uçardaky çemodanlaryň ýarysyny açypdyrlar, adamlaryň zatlary ýitirim boldy”.

• “Stýuardessalar we stýuardlar örän gödek. Nahar paýlanlarynda, meniň şerbet ber diýen haýyşyma şeýle jogap berdiler: seret, suw bar, saňa şerbet nämä gerek, suw iç Haçanda mejimeleri ýygnanlarynda, stýuardessa maňa şeýle diýdi: sen näme hemme zady akkuratno goýmansyň, bol, mejimede kadaly goýuşdyr. Nämeee? Maňa ömrümde hiç bir awikompaniýada beýle zat aýtmandylar”.

• “çemodan babatynda problema boldy. Açypdyrlar. Gulpy döwüpdirler (gulpuň syrma birikýän ýerini, şu sebäpden indi ol ýere täze gulp dakyp bolmaýar). Hemme zady gyzyl-dörjük edipdirler, dargadypdyrlar, garyşdyrypdyrlar. Elhenç. Üstesine, 9 gap çilimimi ogurlapdyrlar (gowy zat, bolmanda birini gözden sypdyrypdyrlar). Şeýle-de käbir eşiklerimi ogurlapdyrlar, emma gymmat däldi. Bu ähli alan täsirlerimi zaýalady”.

• Bangkoga uçup gelip, iki bagažymyzy aldyk, açyp, ikisiniň içini hem gowy dörendiklerini gördük, netijede meniň bagažda bolan bir blok gymmat çilimimi ogurladylar!!!”.

• “Geçen ýyl Aşgabatdan Moskwa uçdum, hyzmat göwnümden turdy, ünsli personal, tagamly nahar”.

• “Hemme zat öz bolmaly derejesinde, stýuardlar örän mylakatly, islendik haýyşyňy haýal etmän diýen ýaly bitirýärler”.

• “Biziň reýsimizde birnäçe adamyň çemodanlary açylypdyr we kodly gulplary döwlüpdir, zatlary ýitdi”.

• “Ýarady: 1. Pilotlaryň ussatlygy-ýokary derejede

2.Stýuardy-gowy dereje, emma az ýylgyrýarlar (eger bu kimdir birine möhüm bolsa!))

3.Bortdaky nahar-ajaýyp, ýokary hill

4.Aşgabatdaky aeroport gowy derejede gurnalan we rahat (haýp, çilim çekilýän ýer diňe ýekeje we aeroportyň iň aňry başynda)

5.Gynandyrdy, çak edýärin, Aşgabatda ýükleri bir uçardan beýlekisine geçirenlerinde ýükçiler gulplary döwüpdirler we bagažy (iki çemodan) açypdyrlar we bäş gap kofe ogurlapdyrlar (hersinde 0,5 kg)…”.

• The outgoing flight was delayed by 2 hours with no apology and worse there was nobody to be found to explain what was going to happen with our planned changeover.

(Uçuş 2 sagat gijikdi. Bizden hiç kim ötünç soramady we, iň ýamany, hiç kim bize planlaşdyrylan uçuş üýtgetmesi barada düşündiriş bermedi).

• we were delayed 6 hours, and 4 hours on return flight.We were made to wait ages before being given any info re flight issues.Staff on flight were miserable and curt when being asked any questions.

Staff at airport were OK but due to lack of English it was very difficult to find out what was happening and no-one felt it was important to inform us passengers as to what was going on.

(Bir ugra reýsler 6 sagat gijikdi, yza gaýdyşyn 4 sagat. Biz näme bolýandygyny kimdir biri düşündirýänçä uzak garaşdyk. Bortdaky işgärler professional däldi we soraglardan gaçalak edýärdi. Aerportda biraz gowudy, emma işgärler iňlisçe gürlemänsoň, näme bolandygyna düşünmek kyn boldy. Hiç kim näme bolýandygyny düşündirjek bolmady.)

• The flight way supposed to leave Ashgabat at 1:30pm but didn’t leave until 6:30pm.I get that all flights can get delayed but it’s the way the issue was dealt with.

First of all we were not told that there was a delay and when passengers started questioning they just struggled their shoulders like they couldn’t understand English The manager said it’s gone to Dubai and we asked why.

She said she will be back in 2 mins and never returned.The others persons we questioned just kept telling us to go away and were actually laughing at us all.

Very offended.

(Aşgabatdan uçuş13:30-a planlaşdyrylypdy, emma diňe 18:30-da uçdy.Men düşünýärin, reýsleriň gijikmesi bolýan zat, emma preoblema işgärleriň özüni alyp barşynda.

Bize gijikme barada hiç zat aýtmadylar, haçanda ýolaggçylar sorag berip başlanda, iňlisçä düşünmeýän şekilde eginlerini gysyp oňdular menejer uçaryň Dubaýa uçandygyny habar berdi.Näme üçin diýen soraga ol 2 minutdan dolanyp geler diýip jogap berdi, emma soňra görünmedi.

Beýleki işgärler jogaba derek, bize git diýdiler we şol bir wagtda-da biziň üstümizden güldüler.Bu örän kemsidijidi.)

• they ran out of vegetarian food when it got to me.They just dumped whatever on my tray.I asked what it was and they said lamb.

I told them I’m vegetarian and I can’t eat this.They said it’s all finished and snatched the lamb from my hand and started having what I can only describe (due to the tone only as I couldn’t understand the language) as a dig at me between each other.

(maňa gezek gelende, olaryň wegeterian naharlary gutardy. Maňa özlerinde näme galan bolsa, şony hem taşladylar. Haçanda men et iýip bilmeýändigimi düşündiremde, olar meniň elimden naharly paketi dartyp aldylar, öz aralarynda gürleýiş äheňlerinden çen tutulsa, meniň adresime ýakymsyz zatlary aýtmaga başladylar.)

Ýene degişli makalalar

76-njy “Altyn globus” baýraklarynyň ýeňijileri
Iş Nokady English club formatynda nobatdaky duşuşygy geçirýär
Hindistanda gurumly tüsse sebäpli Täçmahal görnenok
“Air India” awiakompaniýasy Amritsar-Birmingem marşrutynda “Türkmenhowaýollary” bilen bäsleşer
21.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi