11-nji awgustda Mary şäheriniň we onuň golaýyndaky obalaryň asmanynda "Türkmenhowaýollary" kompaniýasynyň ýolagçy uçary birnäçe sagat aýlandy.Borty EZ-A778 belgili Boeing 777 uçary örän pes beýiklikde bäş sagatdan gowrak aýlandy diýip, Marynyň we birnäçe obanyň ýaşaýjysy aýtdy. “Flightradar24” internet saýtynyň habaryna görä, bu uçar hakykatdanam ýerli wagt bilen öýlän sagat 3 töweregi Aşgabatdan uçdy, ýöne 35 minutdan soň, görnüşine görä, onuň transponderi öçürildi we websaýtyň radarlaryndan bäş sagatlap ýitirim boldy.