Türkmenhowaýollarynyň’ işgärleri günde 12 sagada çenli işledilýändiklerini, ýöne goşmaça hak tölenmeýändigini aýdýar

Türkmenhowaýollarynyň’ işgärleri günde 12 sagada çenli işledilýändiklerini, ýöne goşmaça hak tölenmeýändigini aýdýar

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň ençeme işgäri soňky ýyllarda iş orunlarynyň yzygiderli kemeldilmeginiň, özleriniň iş ýüküniň dowamly artmagyna getirendigini aýdýar. Olar munuň özleriniň hem maşgala durmuşyna, hem-de saglygyna juda ýaramaz täsir edýändigini belleýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji awgustda Aşgabatdan maglumat berdi.

“2017-nji ýyldan bäri işgärleriň sany yzba-yz kemeldilýär. Şonuň üçin öň üç işgäriň eden işini indi bir işgär edýär, ýagny bir adam üç wezipe ýüklenýär” diýip, agentligiň bir işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Işgärleriň sözlerine görä, agentligiň awtoduralgasyna degişli bir sürüji ozal bir ulagy dolandyran bolsa, häzir onuň üstüne iki ýa-da üç ulagyň jogapkärçiligi ýüklenýär.

“Meselem, hasapçy gyz öz wezipesinden başga-da, kassir we kätip ýazyjysy işini berjaý etmeli bolýar. Tam süpüriji üç adamyň arassalamaly meýdanyny ýeke özi süpürmeli bolýar. Ammarçy-da mehanik we ekspeditor wezipelerini hem ýerine ýetirmeli bolýar” diýip, agentligiň başga bir işgäri belledi.

Iş ýüküniň artmagy, işgärleri iş wagtyndan artykmaç işlemäge, käte dynç günleri, ýagny şenbe we ýekşenbe günleri hem işe çykmaga mejbur edýär. Ýöne munuň üçin olara goşmaça hak tölenmeýär.

“Iki-üç wezipä bir wezipäniň haky tölenýär. Her gün işgärler 8 sagada derek 10-12 sagada çenli işledilýär. Köp işgär zähmet rugsadyna goýberilmeýär. Ýagny işgär formal taýdan zähmet rugsadynda bolsa-da, şol döwürde doly iş sagadynda işlemäge mejbur edilýär” diýip, agentligiň işgäri aýtdy.

Bu ýagdaý işgärleriň hem maşgala durmuşyna, hem-de saglygyna juda ýaramaz täsir edýänr. Käte maşgalalaryň dargamagyna hem getirýär.

“Köp işgär aşa köp iş ýüki zerarly dürli keselleri tapýarlar. Olaryň arasynda nerw kesellerinden ejir çekýänler hem köp. Muňa garamazdan, olar işden çykmaýarlar. Sebäbi hemmäniň eklemeli maşgalasy ýa-da tölemeli krediti bar” diýip, işgär belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada “Türkmenhowaýollary” agentiligi bilen habarlaşyp, resmi kommentariý almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 21-nji awgustda telefon arkaly eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmen häkimiýetleri, şol sanda agentligiň resmileri soňky ýyllarda näçe iş ornunyň kemeldilendigi barada aç-açan maglumat bermeýärler. Ýurtda işsizligiň derejesi baradaky statistika hem ilat köpçüligine ýetirilmeýär.

Ýöne Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, hyzmatlaryň we harytlaryň yzygiderli gymmatlamagynyň arasynda döwlet kärhanalarynda iş orunlarynyň köpçülikleýin azaldylmagy birnäçe ýyl bäri yzygiderli amala aşyrylýar. Transport, energiýa, oba hojalygy, gurluşyk, bilim, saglygy saklaýyş ugurlarynda işleýänleriň müňlerçesi işini ýitirdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri täze iş orunlarynyň döredilýändigi barada yzygiderli habar berýärler, ýöne döwlet edaralarynda işgärleriň kemeldilmegi we munuň raýatlara ýetirýän täsirleri barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebapda otly, uçar biletleriniň gytçylygy emele geldi
Awaza ýollanma satyn almaga mejbur edilen býujet işgärleri Balkana aşmakda kynçylyk çekýär
Transport kynçylyklary: Ýolagçylar otlularyň hajathanalarynda sapar etmeli bolýar
Halkara jemgyýetçilik ulaglary bileleşigi Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy
Putiniň ýadro haýbatynyň fonunda Türkmenistan Russiýadaky raýatlarynyň howpsuzlygyna alada bildirýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Diňle: Lebapda otly, uçar biletleriniň gytçylygy emele geldi