“Türkmenhowaýollaryna” ÝB-niň territoriýasyndan uçmak gadagan edildi

Ýewropanyň awiasiýa howpsuzlygy agentligi 4-nji ferwalda “Türkmenhowaýollaryny” gara sanawa girizip, bu kompaniýanyň uçarlarynyň Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryna we olaryň territoriýalarynyň üstünden uçmak gadaganlygyny girizidi diýip, Britaniýanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Türkmen tarapy halkara howpsuzlyk standartlaryna eýerýändigini tassyk etmeli.

Awiakompaniýanyň anyk haýsy standartlary bozandygy anyklaşdyrylmaýar.

Uçar gatnawlarynyň togtadylmagy bilen baglylykda, “Türkmenhowaýollarynyň” Aşgabadyň üstünden tranzit arkaly Amritsardan Birmingeme we Hithrowa, şeýle-de Nýu-Ýorkdan Hithrowa gitjek uçarlary uçmasyz edildi.

“Independent” neşiriniň maglumatyna görä, bu hadysa sebäpli Hindistanda ýerleşýän we türkmen awiakompaniýasynyň biletlerini satyn alan 5 müňe çemesi adam kynçylyk çekip biler.

Mundan başga-da, “Independent: gazetiniň ýazmagyna görä, Aşgabat-Frankfurt we Aşgabat-Pariž uçarlary hem ýatyryldy.

Britaniýanyň DIM-ligi ýüze çykan meseleleri çözmek üçin “Türkmenhowaýollarynyň” wekilhanalaryna ýüz tutmagy maslahat berdi.

Ýene degişli makalalar

Beýik Britaniýa: “Türkmenhowaýollarynyň” Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçuşlary togtadyldy
Türkmenhowaýollary’ Ýewropa gadaganlygyny aradan aýyrmak üçin Lufthansa Consultingden’ ýardam alýar
Aşgabat-Deli uçarynda ýolagçy aradan çykdy
Türkmenhowaýollary halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagyny 31-nji ýanwara çenli uzaldýar
Türkmenowaýollary halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagyny ýaza çenli uzaldýar
Türkmenhowaýollary halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagyny ýaza çenli uzaldýar