“Türkmenhowaýollary” ÝB-niň çäklerine amala aşyrýan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýdy

“Türkmenhowaýollary” ÝB-niň çäklerine amala aşyrýan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýdy

10 aýa çeken arakesmeden soň “Türkmenhowaýollary” gullugy Ýewropa Bileleşigine amala aşyrýan uçar gatnawlaryny 7-nji dekabrda täzeden ýola goýdy.Bu barada AFP habar berýär. “AFP-niň Türkmenistandaky korrespondenti howa gullugynyň sagat 7:00-däki GMT (Aşgabat wagty bilen 12:00-red.) Frankfurt gatnawyna registrasiýadan geçmek üçin 50 ýolagçynyň nobata durandygyny gördi” diýip, Fransiýanyň Agence France-Presse (AFP) habar agentligi Aşgabatdan habar berýär.

AFP türkmen uçarlaryna garşy girizilen gadaganlygyň anyk sebäbiniň aýdyň bolman galýandygyny belleýär. Ýatlasak, 4-nji fewralda Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugy (EASA) “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçýan we bu bileleşigiň çäklerinden yzyna uçýan uçuşlaryny togtadypdy.

Gadagançylygyň takyk sebäpleri mälim edilmedi. Ýöne Beýik Britaniýanyň “Gov.uk” websaýtynyň bu gadagançylyk bilen bagly fewralda çap eden maglumatynda Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugynyň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasyndan özüniň halkara howa howpsuzlygy standartlaryna gabat gelýändigini subut etmegine garaşýandygyny habar berdi. 7-nji fewralda Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy howpsuzlyk duýduryşyny ýaýratdy.

Onda ilçihananyň işgärleriniň resmi saparlarynda “Türkmenhowaýollary” gullugynyň uçarlarynda uçup bilmeýändigi mälim edildi. 13-nji fewralda “Türkmenhowaýollary” gullugy halkara howa howpsuzlygy standartlarynyň talaplaryna gabat gelmek üçin “Lufthansa Consulting” geňeş kompaniýasyndan ýardam alyp başlandygyny mälim etdi.

AFP-nyň habaryndan mälim bolşuna görä, Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugy (EASA) Türkmenhowaýollary gullugynyň Ýewropa Bileleşigine gatnawlarynyň togtadylmagy bilen bagly sebäpleriň howa gullugy tarapyndan düzedilendigini mälim etdi, ýöne giňişleýin kommentariýa bermekden saklandy.

Milli howa gullugynyň Ýewropa Bileleşigine amala aşyrýan uçar gatnawlarynyň togtadylmagynyň yzýany türkmen resmileri bu mesele bilen baglylykda resmi beýanat bilen çykyş etmediler. 17-nji oktýabrda Reuters gullugy Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentliginiň “Türkmenhowaýollaryna” ÝB-niň territoriýasyna uçmak boýunça fewralda girizen gadagançylygyny aradan aýyrandygyny habar berdi. Şol bir wagtyň özünde, 17-nji oktýabrda Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy täzeden beýanat çap edip, ilçihananyň işgärlerine “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň ýerli we halkara uçuşlaryndan peýdalanmagyny dowam etdirmegine ygtyýar berdi. 14-nji oktýabrda Türkmenhowaýollarynyň başlygy Döwran Saburow Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berip, Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentliginiň (EASA) barlagyndan üstünlikli geçendigini mälim etdi. “EASA-nyň bilermenleri “Türkmenhowaýollary” tarapyndan ýerine ýetirilýän uçuşlaryň howpsuzlygyny, ýurdumyzyň howa menzilleriniň üpjünçiligini berjaý etmek boýunça ýurdumyzda geçirilýän işlere oňyn baha berdiler” diýip TDH Saburowyň sözlerine salgylandy. 1992-nji ýylda döredilen “Türkmenhowaýollary” ýolagçylara edilýän hyzmatyň hili boýunça halkara derejesinde geçirilýän reýtinglerde ýyllarboýy pes bahalary alýar.

Onuň öz ýolagçylaryny köp garaşdyrmagy kemçilikleriň arasynda agzalýar. Şeýle-de, bu howaýollary kompaniýasy bilen sapar eden ýolagçylaryň ençemesiniň goşlarynyň açylandygy barada“Skytrax” neşirinde habarlar hem bar.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Lionda resmi däl bilimiň ykrar edilmegi boýunça tejribäni öwrenýär
Merkezi Aziýa synçylary türkmen saýlawlary barada näme diýýär?
Türkmenistan 12-nji martda irki prezident saýlawlaryny geçirer
“Ana” harasatyndan 70 adam heläk boldy
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy: pandemiýa golaý wagtda tamamlanar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Russiýa 2021-nji ýylda türkmen gazynyň importyny iki esse artdyrandygyny aýdýar