Türkmenhowaýollary şu ýylyň birinji çärýeginde ýene bir Boeing 777-200LR uçaryny satyn alar

Türkmenhowaýollary şu ýylyň birinji çärýeginde ýene bir Boeing 777-200LR uçaryny satyn alar

"Türkmenhowaýollary" 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde täze Boeing 777-200LR uçaryny alar. Bu barada CAPA habar berýär.

EZ-A780 belgili bolan ýolagçy uçary Sietldäki (ABŞ) zawodda guruldy. Uçar häzirki zaman General Electric GE90-110B1L hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýakyn geljekde awiakompaniýada uçaryň synag uçuşlary geçiriler we şondan soň resmi taýdan müşderä gowşurylar.

Ilkinji Boeing 777-200LR 2006-njy ýylda öndürildi. Şol wagt ol uzak aralyga uçmak boýunça dünýäniň ähli rekordlaryny täzeledi. Öz döwründe bu uçar öndüriji tarapyndan Worldliner diýlip atlandyryldy. Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu uçar dünýädäki islendik iki howa menziliniň aralygyna baryp, ýetip bilýär. Saklanman, 16 müň kilometr aralygy geçip bilýän uçar 317 ýolagça niýetlenendir.

Türkmenhowaýollary Boeing 777-200LR uçaryny satyn almak üçin ABŞ-nyň Boeing kompaniýasy 2019-njy ýylda şertnama baglaşypdy. Şeýlelikde, täze uçaryň gelip gowuşmagy üçin Türkmenhowaýollaryna degişli Boeingleriň sany 32-ä çykar.

Ýene degişli makalalar

“Türkmen.news”: “Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa saglygyny bejertmäge gitdi”
Ukraýinadaky uruş sebäpli, Boýing Russiýa we MA döwletlerine uçar satuwyny çaklamadan ýüz öwürýär
Maýn boýundaky Frankfurt şäherinden Türkmenabada ilkinji ýolagçy gatnawy amala aşyryldy
Türkmenistan awiakompaniýasy Londonadaky gonuş menzilini üýtgedýär
Aşgabat Hoşimin Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy
Aşgabatdan Kuala-Lumpura we Jidda howa gatnawlary açyldy