“Türkmenhowaýollary Pakistan-Hindistan konflikti zerarly, Amritsar we Deli gatnawlarynyň gijikýändigini duýdurdy

“Türkmenhowaýollarynyň” Hindistana uçar gatnawlarynyň dowamlylygy, uçarlaryň Pakistanyň howa giňişliginden aýlanyp geçmeli bolýandygy sebäpli, 3 sagat uzaldy. Bu barada awiakompaniýanyň resmi twitter hasabynda habar berilýär.

The Longer route DEL-ASB and ATQ-ASB are 5h45m approx, 3h more than the usual flights. @amritsarairport @aaiasrairport pic.twitter.com/mXw6S9m0Iw

— Turkmenistan Airline (@TurkmenistanAir) February 27, 2019

Awiakompaniýa gartaşan adamlary we çagaly maşgalalary, Amritsar we Nýu-Deli reýsleriniň mümkin bolan gijikmeleri sebäpli, ýola çykmakdan saklanmaga çagyrýar.

T5556 all elderly passengers and families with small children are requested not to fly.This will be a very long journey back to #Birmingham due to ongoing situation in Northern #India. @amritsarairport @bhx_official

— Turkmenistan Airline (@TurkmenistanAir) February 27, 2019

Pakistanyň we Hindistanyň demirgazyk-günbatar ştatlarynyň howa giňişligi 27-nji fewralda pakistanyň goşuny öz territoriýasyna giren iki sany hindi söweş uçaryny urup ýykanyndan soň, raýat uçarlary üçin ýapyldy.

Iki ýurduň arasyndaky konflikt 14-nji fewralda, “Muhammediň goşuny” toparçagynyň söweşijileri Kaşmirde hindi goşunlarynyň awtomobil kerwenine hüjüm edip, 45 adamy öldüreninden soň ýitileşdi. Hindistam bu hüjüme toparçagyň Pakistanda ýerleýän bazasyna howa zarbasyny urmak bilen jogap berdi.

Ýene degişli makalalar

Beýik Britaniýa: “Türkmenhowaýollarynyň” Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçuşlary togtadyldy
Aşgabat-Deli uçarynda ýolagçy aradan çykdy
Türkmenhowaýollary’ Ýewropa gadaganlygyny aradan aýyrmak üçin Lufthansa Consultingden’ ýardam alýar
Hindistanda gurumly tüsse sebäpli Täçmahal görnenok
“Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylary çemodanlarynyň açylmagyndan we bagaždaky çilimleriniň ýitmeginden nägile bolýarlar
“Air India” awiakompaniýasy Amritsar-Birmingem marşrutynda “Türkmenhowaýollary” bilen bäsleşer