“Türkmenhowaýollary” Jidda şäherine ýolagçy howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar

“Türkmenhowaýollary” Jidda şäherine ýolagçy howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar

“Türkmenhowaýollary” agentligi 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherine hepdede 2 gezek yzygiderli ýolagçy howa gatnawlaryny ýola goýulmagy meýilleşdirýär.

Agentligiň çarşenbe güni habar bermegine görä, bu çözgüt müşderileriň isleginiň artýandygy nazara alnyp, amala aşyrylýan halkara gatnawlaryň uçuş geografiýasyny giňeltmek we üstaşyr ýolagçy akymyny artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Jidda şäherine ýolagçy howa gatnawlary hepdäniň çarşenbe we anna günleri ýerine ýetiriler.

“Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan häzirki wagtda reje boýunça ýerine ýetirilýän ýolagçy halkara gatnawlaryna islegler yzygiderli artýar.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenhowaýollary” Kuala-Lumpura hepdede iki gezek howa gatnawlaryny amala aşyrar
Türkmenhowaýollary Jidda şäherine ýolagçy gatnawynyň sanyny artdyrdy
“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi
27-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna ugradyldy
Türkmenistan awiakompaniýasy täzelenen halkara uçuş tertibini hödürledi