
Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 16-njy iýulyndan başlap, Türkmenistan awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Airbus 330-200P2F kysymly howa gämisinde hepdede 1 gezek uçuş ýygylygy bilen, Italiýa Respublikasynyň Milan we Hytaý Halk Respublikasynyň Şenžen şäherlerine ýük gatnawlaryny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.
Bu barada Türkmenhowaýollary agentligi habar berýär.