“Türkmenhowaýollary” iki sany “Boeing 777300” kysymly uçar satyn aldy

“Türkmenhowaýollary” iki sany “Boeing 777300” kysymly uçar satyn aldy

“Türkmenhowaýollary” agentligi “Cathay Pacific” awiakompaniýasynyň düzüminde bolan “Boeing 777300(ER)” kysymly uçaryň ikisini satyn aldy. Bu barada “CH-Aviation” kompaniýasy sişenbe güni habar berdi.

“Türkmenhowaýollary” agentlikde “Boeing 777200 (LR)” kysymly dört sany uçar bolup, bu satyn alnan “Boeing 777300(ER)” kysymly uçarlar agentligiň düzüminde ilkinji bolar.

Agentlikde “Boeing” kompaniýasynyň uçarlarynyň birnäçe modelleri bolup, olara dört sany 737-700 kysymly, sekiz sany 737-800 kysymly we dört sany 757200 kysymly uçarlar degişlidir. Mundan başga-da, “Türkmenhowaýollary” agentliginde “Airbus 330200” kysymly iki sany uçar we Il-76TD kysymly üç sany ýük uçary ulanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň iýun aýynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine 4 sany “Boeing 737-8” kysymly, şeýle hem 2 sany “Boeing 777-367ER” kysymly uçar satyn almaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdan Kuala-Lumpura we Jidda howa gatnawlary açyldy
Aşgabat Hoşimin Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy
Türkmenistan awiakompaniýasy Londonadaky gonuş menzilini üýtgedýär
“Boeing 747” uçary ilkinji gezek köpçülige görkezildi
100 uçar sargyt etdi
DUBAI AIRSHOW 2023 şowhunyna 95 ýurt gatnaşdy