Türkmenhowaýollary halkara uçuşlarynyň nyrhnamalaryny üýtgetdi, Türkmenfilm birleşiginiň kinematografiýaçylaryna Türk medeniýetine goşandy üçin baýragy gowşuryldy, Gyzykly gezelenç gepleşiginiň ýedinji sany çykdy

Türkmenhowaýollary halkara uçuşlarynyň nyrhnamalaryny üýtgetdi, Türkmenfilm birleşiginiň kinematografiýaçylaryna Türk medeniýetine goşandy üçin baýragy gowşuryldy, Gyzykly gezelenç gepleşiginiň ýedinji sany çykdy

1. Türkmenistan awiakompaniýasy halkara ugurlary boýunça petekleriň nyrhlaryny üýtgetdi. Türkmen howa ýollary Dubaýa (BAE), Maýndaky Frankfurta (Germaniýa) Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) dowamly uçuşlary amala aşyrýar. Täze nyrhnamalar bilen aşakdaky salgyda tanşyp bilersiňiz.

2. Türkmen kinematografiýaçylary Korkut Ata türki dünýäsiniň halkara kinofestiwalynda Türk medeniýetine goşandy üçin baýragyna mynasyp boldular. Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň wekilleri festiwala Gyzyl kürte, Istärin, Dutaryň owazy ýaly kinofilmler bilen gatnaşdylar. Festiwalyň eminleriniň hatarynda Türkmenistana kinorežissýor Sahysalyh Baýramow wekilçilik etdi.

3. Turkmenportal saýtynda Gyzykly gezelenç gepleşiginiň ýedinji sany çykdy. Bu gezek alypbaryjy Ýunus Allanazarow Türkmenistanyň günorta-günbataryna Garrygala şäherine bardy.

4. 11-nji noýabrda Samarkantda Türki Döwletleriň Guramasynyň birinji sammiti geçiriler.Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanlary ykdysdy, ulag we döwlet meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.Sammitde guramanyň geljek 5 ýyl üçin hereketleriniň strategiki maksatnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.

Sammitden öň Samarkantda 9-njy noýabrda Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň ykdysadyýet ministrleriniň duşuşygy, 10-njy noýabrda bolsa Gurama agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.

5. Aşgabat şäher telefon ulgamy ÝGPJ täze hyzmaty doly ölçegli autsorsing sorag-jogap merkezi hyzmatyny ýola goýdy. Aşgabadyň dürli guramalary, kärhanalary, kompaniýalary we hususy telekeçileri AŞTU-nyň sorag-jogap merkezi arkaly öz hyzmatlary, kabulhanasy we tehniki goldaw belgisi boýunça hususy sorag-jogap gullugyny gurap biler. Munuň üçin AŞTU bilen Call center hyzmatyny etmek boýunça şertnama baglaşmak gerekdir.

6. Apple kompaniýasy Salam, Siri! sözüni has-da ýeňilleşdirip, ony diňe Siri! diýip üýtgetmegi meýilleşdirýär. Apple keşbi özgerdiler Siri-niň üstünde birnäçe aýyň dowamynda işledi. Jümläniň täzelenen görnüşini geljek ýylda ýa-da 2024-nji ýylda işe girizmek göz öňünde tutulýar, şeýle-de täzelenen Siri birnäçe sözleýiş usulynda we dürli şiwelerde özüne ýüzlenilendigine düşünmäge ukyply bolar.

7. Dubaýyň merkezindäki meşhur Downton syýahatçylyk etrabynda Burj Halifanyň golaýynda ýerleşýän 35 gatly binada ýangyn döredi. Ot binanyň bir tarapyndaky ähli gatlary gurşap aldy. Bar bolan maglumatlara görä, ýangyn ýaşaýyş jaýlarynyň birinde ýüze çykdy, ýangyny birnäçe sagadyň dowamynda öçürtmek başartdy.

8. Türkmen küştçüleri Saparmyrat Atabaýew we Azat Nurmämmedow Nýu-Delide (Hindistan) jemlenen Aziýanyň çempionatynda halkara kadalaryny berjaý etdiler. Bu çempionatda Türkmenistana erkekler (açyk) we zenanlar derejeleri boýunça 9 türgen wekilçilik etdi.

9. Türkmenistanyň ýygyndy topary 15-20-nji noýabr aralygynda Ufada GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň goldaw bermeginde geçiriljek GDA gatnaşyjy döwletleriň IX Halkara mekdep sporty festiwalyna gatnaşmagy göz öňünde tutýar. Festiwala Azerbaýjanyň, ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýygyndy toparlaryndan ybarat 400-den gowrak adamyň gatnaşmagyna garaşylýar,

Ýene degişli makalalar

Abdulkadir Damolla uýgur ýazyjysy, şahyr döwlet adamy we alym
Özbegistanda täze halkara awtobus gatnawlary ýola goýlar
Özbegistanly talyp Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guran bäsleşiginde ýeňiji boldy
Russiýada pnewmoniýany anyklaýan programma döredildi
Ufada geçirilýän Bütindünýä folkloriadasynda iki dünýä rekordy goýuldy
Happy Childhood