Türkmenhowaýollary gyş paslynda 7 ýurda ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar

Türkmenhowaýollary gyş paslynda 7 ýurda ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar

1-nji noýabrdan başlap Türkmenistan awiakompaniýasy 7 ýurda — Russiýa Federasiýasyna, Türkiýä, Hytaýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Birleşen Arap Emirliklerine hem-de Hindistana ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýanyň gyşky gatnawlarynyň täzelenen tertibinde mälim edildi.

Türkmenhowaýollarynyň uçarlary her hepdede 5 gezek Kazana, 10 gezek Stambula (gatnawlaryň biri 5-nji dekabrdan başlap ýola goýlar), 2 gezek Deli şäherine, 2 gezek Dubaýa, 2 gezek Pekine we 1 gezekden Maýnyň boýundaky Fankfurt we London şäherlerine uçarlar.

Mundan ozal, Turkmenportal Türkmenistan awiakompaniýasynyň Moskwa şäherine gatnawlary waagtlaýyn bes edendigini habar beripdi.

Ýeri gelende bellesek, turkmenistanairlines.tm. resmi saýtynda awiakompaniýanyň gatnawlarynyň häzirki tertibi bilen tanşyp hem-de petekleri satyn alyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy, Türkmenistan we Koreýa Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekildi, Türkmen howa ýollarynyň uçarlary gyşda haýsy 7 ýurda uçar we beýleki habarlar
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Abu-Dabi ugurlarynda uçuşlara başlar
Türkmenistan awiakompaniýasy ýanwaryň başyndan 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar
Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi
“Bawariýanyň” ýeňlişsiz ýörişini koreýaly Son soňlady