Türkmenhowaýollary“ Gullugy ýolagçy we ýük gatnatmagyň möçberini hem-de hilini ýokarlandyrýar

Garaşsyz Türkmenistanyň raýat awiasiýasy ýokary depginli ösýär. Bir ýyl mundan ozal ýurduň esasy howa derwezesi“ bolan türkmen paýtagtynyň täze Halkara aeroporty açyldy. Döwrebap, ýokary tehnologiýaly aeroport toplumy ýylda 17 milliondan gowrak adama ýa-da sagatda 3 müňe golaý ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir. Doly mehanizmleşdirilen täze ýük terminaly 200 müň tonna ýüki işlemäge ukyplydyr.

Halkara aeroprtunda hersiniň uzynlygy 3 müň 800 metrlik uçuş-gonuş zolaklarynyň ikisi bolup, olar dürli görnüşli we ýük göterijilikli uçarlary kabul edip, olara dünýä derejesinde hyzmat etmäge niýetlenendir. Howa hereketini dolandyryş gullugy iň täze nawigaisiýa enjamlary bilen üpjün edilendir.

Toplum döwrebap ýerüsti enjamlar bilen-de üpjün edilen. Iň täze ýük ýükleýjileriň, uçarlara ýangyç guýyjylaryň, aerodromy arassaýljy maşynlaryň, traplaryň we ş.m. enjamlaryň üç ýüzden gowragy işledilýär. Ýangyç guýujy toplum ÝÇS ammaryndan ýangyjy üznüksiz bermäge ukyplydyr, bu bolsa birbada hyzmat edilýän uçarlaryň sanyny köpeltmäge we ýangyç guýulýan wagty azaltmaga mümkinçilik berýär.

Hünärine ussat awiasiýa işgäleriniň taýýarlanylmagynyň täze tehnikalary we tehnologiýalary özleşdirmekde ähmiýeti uly boldy. Aeroport gurulýan döwri hünärmenleriň 900-den gowragy taýýarlanyldy. Bu bolsa ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini dünýä ölçeglerine ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Gysga wagtda ýolagçy we ýük daşamagyň möçberi-de, hili-de artdy. Şu ýylyň başyndan bäri paýtagtymyzyň awiatorlary halkara howa gatnawlarynyň iki müňe golaýyny we ýerli ýerli howa gatnawlarynyň 4,4 müňden gowragyny ýerine ýetirdiler.

Laçyn nyşanly uçarlar halkara ugurlarynyň 18-sini we ýurduň içersindäki ugurlaryň 11-sini amala aşyrýarlar.Duşanbä we Ýerewana synag gatnawlary ýerine ýtirildi. Ýylyň başyndan bäri 1620 müň ýolagçy we 11400 tonna ýükdir poçta daşaldy.

Uçarly ýolagçy we ýük daşalşynyň ykdysady görkezijileri artdy.Dokuz aýda ýükleri we poçta daşamagyň depgini 30,6 göterim, girdeji 52,3 göterim ýokarlandy.

Awiasiýa hünärmenleri daşary ýurtly ýolagçy we ýük daşaýjylaryň ýurduň giňişliginden üstaşyr geçmäge we Türkmenhowaýollary“ Gullugynyň aerodromlaryny ýangyç guýmaga ulanmaga isleginiň artýandygyny belleýärler.Uçuşyň ähli tapgyrlarynda howa gämileriniň howpsuz we netijeli hereketini üpjün etmek üçin HHD ulgamy, howa ýollarynda we aerodrom zolagynda howa hereketini dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamynda ulanylýan radiolokasiýa binalarynyň birnäçesi tutuşlygyna döwrebaplaşdyryldy.

Mundan başga-da, Aşgabadyň aerodromy THALES kompaniýasynyň uçarlary enjamlar boýunça gondurmagyň döwrebap ulgamy we beýleki iň täze tehnikasy bilen üpjün edilen.Munuň netijesinde şu ýyl ýurduň üstünden uçup geçýän we ýangyç guýýan howa gämileriniň sany onlarça esse artdy.

Şu ýylyň 10 aýynda ýurduň aerodromlarynda uçarlaryň 1666-sy gondy we ýangyç guýdy. Daşary ýurt uçarlaryna hyzmat etmekden ABŞ-nyň 40 million dollary gazanyldy, munuň özi geçen ýyldakydan 25 million dollar köpdür. Türkmenhowaýollary“ Gulluugynda şeýle görkeziji ilkinji gezek gazanyldy.

Ýurduň welaýatlarynyň ählisinde döwrebap aerowokzal toplumlarynyň gurulmagy- howa ulaglarynyň ösen infrastrukturasyny döretmek we ony iň döwrebap enjamlardyr tehnika bilen üpjün etmek boýunça umumy strategiýanyň bir bölegidir.

Döwlet baştutanynyň başlangyjy bilen Türkmenbaşy şäherindehalkara aeroprty, Maryda ýolagçy terminaly we uçuş-gonuş zolagy guruldy.Türkmenabat şäherinde döwrebap täze halkara aeroportunyň gurluşygy tamamlanyp barýar, Daşoguzyň aerodromynda Boing-777-200LR kysymly uçary we beýleki görnüşli uçarlary kabul etmäge ukyply täze uçuş-gonuş zolagy peýda boldy.

Türkmenistan“AGPJ awiakärhanasynda ýokary derejeli tehnika bolup, olar yzygiderli täzelenip durulýar.Diňe soňky bir ýylda Boing“ kompaniýasynyň NG tapgyrdaky iň täze uçarlarynyň üçüsi alyndy.C-check görnüş boýunça öz wagtynda tehniki hyzmatyň geçirilmegi netijesinde awiatorlar uzak uçuş möhletli howa gämileriniň onusyny uçuşlara taýýarladylar.

Ulanyş möhleti geçen uçarlaryň ýerine iň meşhur NG tapgyrdaky Boing-737-700“ we Boing 737-800“ oňaýly howa gämileri alyndy.Häzirki wagtda ýokary uçuş sypatlary bolan howa gämileriniň 24-si ulanylýar. Şu görnüşli uçarlaryň sany barha artar we 2020-nji ýyla çenli milli uçarlar parky tutuşlygyna täzeden üpjün ediler.

Uçarlaryň we dikuçarlaryň ýaňy işe başlan uçarmanlarynyň uçuş endigini öwrenmekleri üçin okuw uçarlay Daýmond“ görnüşli uçarlaryň dördüsi we Еmestron dikuçarlarynyň ikisi alyndy.Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýyş mekdebiniň binýadynda iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Türkmenhowaýollary“ Gullugynyň döwrebap trenažer merkezi açyldy.

Ozal NG tapgyrdaky Boing“ uçarlarynyň ekipažlary ýylda iki gezek kompaiýanyň Angliýada ýerleşýän okuw mekdebine giden bolsalar, indi olar ýurdumyzda uçuş endiklerini kämilleşdirýärler, bu bolsa hünärmenleri taýýarlamygyň möhletini azaltmaga we ep-esli walýuta serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň infrastrukturasynyň ösdürilişi dowam edýär we halkara howa gatnawlarynyň ugurlary artýar. Aziýanyň we Ýewropanyň iri şäherleriniň 11-sinde awiakompaniýanyň wekilhanalary açyldy. Türkmenhowaýollary“ Gullugy kompaniýasynda www.turkmenairlines.com saýty arkaly awiapetekleriň satuwyny guramagy göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Uçarlara merkezleşdirlen ýangyç guýmak ulgamy gowy girdeji berdi
06.12.2017 | Türkmenistan raýat awiasiýasynyň logistiki kuwwatyny ýokarlandyrýar
Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly
Türkiýede türkmen jemgyýetçilik guramasy hasaba alyndy