Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky ykdysady wekiliýet Ýaponiýa iş saparynyň dowamynda Türkmenhimiýa döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň Kawasaki Heavy Industries Ltd. kompaniýasynyň arasynda iki şertnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Gol çekilen şertnamalar Türkmenistanyň Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawody abatlamak boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Bu ädim energetika hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek bilen, iki ýurda hem özara bähbitli bolup durýar.
Mundan ozal Turkmenportalyň habar berşi ýaly, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Awiasiýa häkimýetleriniň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirildi we onuň netijeleri boýunça degişli resminama gol çekildi. Bu resminama iki ýurduň arasyndaky göni gatnawy üçin ýol açmak bilen, işewür we medeni gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginde (NEXI) duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda taraplar ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi we maliýe goldawy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ýapon tarapy taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga we olara maddy taýdan goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti 14 sany duşuşyk geçirdi hem-de iki tarapyň hem hyzmatdaşlyga ýokary derejede gyzyklanýandygyny we taýýardygyny görkezýän 3 sany möhüm resminama gol çekildi.