“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender toparynyň adyndan Türkmenabat şäherinde ýerleşýän S.A Nyýazow adyndaky himiýa zawody üçin demirýol ýarym wagonlaryny, ammiak daşamak üçin wagon-çelekleri hem-de “Marykarbamid” zawody üçin mineral dökünleri daşamak üçin wagonlary satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşikler “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde anna güni çap edildi.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza bilen ýüz tutup bilerler. Bäsleşige görä, ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşige resminamalary kabul edilmeýär.
Şeýle hem bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýänler "Türkmenhimiýa" DK üçin maddy-tehniki harytlar bilen üpjün edijileri we potratçylary saýlap almak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň düzgünleri bilen tanyş bolmaly we lotuň häsiýetnamasyny hem-de bäsleşigiň tehniki talaplaryny almaly. (Her Lot üçin 500 (bäş ýüz) ABŞ dollary möçberinde GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan tölegi töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly).
Mundan başga-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender toparynyň adyndan “Türkmenturba” zawody üçin umumy we tehnologiki enjamlary, himiýa önümlerini we kömekçi serişdeleri satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi.