“Türkmenhimiýa” “Belgorhimproma” Garlyk kombinatynyň gurluşygy üçin $150 mln bergili boldy

Türkmenistandaky gurluşyk taslamalarynyň daşary ýurtly potratçylary öz işleriniň hakyny almak meselesinde kynçylyk çekmeklerini dowam etdirýärler.

2018-nji ýylyň oktýabrynda iki sany gurluşyk kompaniýasynyň Türkiýäniň “Sece Inşaat” we Germaniýanyň “Unionmatex Industrieanlagen GmbH” kompaniýalarynyň Halkara Arbitraž suduna şikaýat arzalaryny ýollandyklary mälim boldy.

Bu şikaýatlaryň ikisi hem Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda öz üstüne alan şertnama borçlaryny ýerine ýetirmezligi bilen bagly.

Türkmenistanda un üweýan degirmenleri guran “Unionmatex” Aşgabatdan azyndan 32 million ýewro we goşmaça prosent töleglerini talap edýär.

Mundan başga, edilen işiň tölegleri bilen baglylykda, Türkmenistanyň “Türkmennebit”, “Türkmengaz” we “Türkmengeologiýa” döwlet kompaniýalarynyň hem portratçylary bilen arasynda problema döredi.

Indi bu problema bilen Belarusyň “Belgorhimprom” gurluşyk kompaniýasy hem ýüzbe-ýüz boldy.

Ýatladýarys, “Belgorhimprom” 2010-njy ýylda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça döwrebap kombinaty gurmak üçin $1 milliarddan gowrak serişdä durýan şertnama aldy.

Bu desga 2017-nji ýylyň 31-nji martynda ulanmaga tabşyryldy.

Belarus kompaniýasy bilen ýakyn gatnaşykdaky çeşmäniň “Türkmenistanyň Hronikasyna” gürrüň bermegine görä, Türkmenistan bu kombinatyň arkasyndan öz sebitinde kaliý dökünlerini öndürmegiň lideri bolup biljekdi. Emma Türkmenistana şeýle uly mümkinçilik bermeli taslama durmuşa geçirilýän wagtynda heläkçilikli ýalňyşlara ýol berilýär.

Onuň sözlerine görä, iş buýrujynyň rolunda çykyş eden “Türkmenhimiýa” döwlet konserni “Belgorhimproma” ýerine ýetirilen işler üçin $150 milliondan gowrak bergili bolup çykdy. Türkmen konserni serişde tölemekden we “Belgorhimpromyň” täze gurlan käliý kärhanasynyň işine tehniki ugrukdyrma bermeli işgärlerini kombinata goýbermekden ýüz öwürýär. Görnüşinden, “Türkmenhimiýa” bu hili tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin başga potratçylary gözleýäne meňzeýär.

Mundan ozal bu kombinatyň öz planlaşdyrylan önüm möçberiniň diňe 26 prosentini öndürýändigi habar berildi. “Belgorhimproma” ýakyn çeşmäniň sözlerine görä, bu esasan türkmen tarapynyň, taýýarlykly hünärmenleriň hyzmatyndan ýüz dönderip, kombinatyň işini öz güýçlerine daýanyp ugrudyrmaga çalyşmaklary bilen bagly.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji noýabrda kombinatyň işiniň proýektdäki önümçilik kuwwatynyň derjesine ýetirilmezliginden juda nägile boldy we senagat boýunça wise-premýer Kerim Durdymyradowa halkara arbitražyna arza bilen ýüz tutmak üçin zerur dokumentleri taýýarlamagy tabşyrdy. “Belgorhimproma” ýakyn adamlaryň aýtmaklaryna görä, kompaniýa türkmen iş buýrujylarynyň bitiren işleriniň haky tölenmedik potratçylary ýurtdan çykaryp kowmaklyga syrygýan iş praktikalarynyň nobatdaky pidasy bolmakçy däl.

Mälim bolmagyna görä, “Belgorhimprom” elýeterli ýuridik serişdeleriň ählisi bilen öz bähbitlerini gorajaga meňzeýär.

“Taslama kesgitsizligiň näsag atmosferasyna gaplandy: “Türkmenhimiýa” “Belgorhimpromyň” gurluşyk meýdançasynda ýerleşýän emäligini, şol sanda gurluşyk tehnikalaryny kanuny esaslary bolmazdan bermän saklaýar we hatda kompensasiýa tölenmegini hem talap etdi” diýip, belarus kompaniýasyna ýakyn durýan çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, “Belgorhimprom” Türkmenistandaky kombinatyň ýagdaýyndan çynlakaý alada galýar we onuň nädorgy şekilde ulanylmagyndan howatyr edýär. Şeýle-de kompaniýa Türkmenistanyň ýüz tutmagy mümkin bolan beýleki potratçylaryna olara hem özlerine çemeleşilişi ýaly çemeleşilmeginiň mümkindigini duýdurmagy zerur hasaplaýar.

Ýene degişli makalalar

Amerikan kompaniýasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny döwrebaplaşdyrýar
Türkmenistan MTS-iň şikaýatlaryndan gorajak aklawçysyny kesgitledi
Berdimuhamedow işe girizilmeli wagty yza çeken Owadandepedäki benzin zawodynda işleriň barşy bilen tanyşdy
Squire Patton Boggs şirketi maliýe dawalar boýunça sudda Türkmenistany üstünlikli gorandygyny habar berýär
Türkmenistan Garlykdaky kombinaty guran “Belgorhimpromdan” $911 million talap edýär
“Türkmenistan ýewropalylara garanda, Owganystandan has gowy baş çykarýar” CIFAL-ň baş direktory