“Türkmengeologiýa” täze magdan ýatagyny açdy. Bu gezek gaz tapyldy

Türkmenistanda senagat ähmiýetli kükürtsiz tebigy gaz ýatagy tapyldy. Bu barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa 17-nji maýda geçirilen hökümet maslahatynda wise-premýer Myratgeldi Meredow hasabat berdi.

TDH-nyň habar bermegine görä, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäklerinde ýerleşen “Täjibaý” diýen geljegi uly meýdançada barlag geçirdi.

Bu ýerde 2 müň 400 metr çuňlugy bolan guýynyň buraw işleri tamamlanyp, ol ýerden senagat ähmiýetli kükürtsiz tebigy gazyň akymy alyndy.

Häzirki wagtda Türkmengaz döwlet konserniniň ylmy-barlag instituty tarapyndan täze açylan ýatagyň gorlaryny hasaplamak işleri alnyp barylýar.

Döwlet baştutany wise-premýere täze nebit-gaz ýataklaryny senagat taýdan ulanmaga girizmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Ýatladýarys, 2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň aýagynda Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygyndan täze ýataklary gözläp tapmagy talap etdi.

Myratgeldi Meredow hasabat 18-nji ýanwarda prezidente ýurtda arassa agyz suwunyň täze gorunyň, şeýle-de ýerli gurluşyk materiallaryny öndürmäge mümkinçilik berjek magdanyň tapylandygy barada hasabat berdi.

Aprelde Balkan welaýatynda demir-jöwher ýatagy açyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Mary welaýatynyň Minara-3 meýdançasynda bir gije-gündizki çykymy 1 million kubmetrden gowrak bolan gazyň senagat akymy alyndy
17.05.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Täjibaý meýdançasy: kükürtsiz gazyň tebigy ojagy