ТАСС habar gullugynyň Türkmenistanyň prezidentiniň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýewe salgylanyp berýän habaryna görä, “Türkmengaz” we “Gazprom”, belki-de, Stokgolmdaky arbitraž sudunda gazyň bahasy boýunça oňşukly ylalaşyga gelerler.
“Meniň pikirimçe, oňşukly ylalaşyk bolar” diýip, ТАСС Kakaýewi sitirleýär.
Ýatladýarys, Türkmenistanyň prezidenti oktýabrda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň hökümet diwanynyň başlygy Konstantin Çuýçenko we “Gazpromyň” başlygy Alekseý Miller bilen duşuşdy. Millet duşuşygyň netijeleri barada gürrüň edip, türkmen gazynyň 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan satyn alnyp başlanmakçydygyny aýtdy.
Satyn alynjak gazyň möçberi hakynda häzirlikçe hiç zat aýdylmaýar.
“Türkmengaz” 2015-nji ýylda “Gazpromyň” alan gazynyň bahasyny tölemeýändigini aýtdy we rus konsernini tölege ukypsyz diýip yglan etdi.
“Gazprom” muňa jogap edip, “Türkmengazyň” üstünden Türkmenistandan satyn alynýan gazyň bahasyna täzeden seredilmegini we $5 milliard möçerindäki tölegiň yzyna gaýtarylmagyny talap edip, Stokgolmdaky arbitraž suduna şikaýat arzasyny berdi.
“Gazprom” 2016-njy ýylyň başyndan türkmen gazyny satyn almagyny bes etdi.