“Türkmengazyň” ýolbaşçylary Eýran bilen geçirilen netijesiz gepleşiklerden soň Eýranyň Milli Gaz kompaniýasynyň (EMGK) üstünden Halkara arbitraž suduna resmi şikaýat arzasy bilen ýüzlendiler. Bu barada Eýranyň Mehr agentligi habar berýär.
EMGK-nyň ýerine ýetiriji direktory Hamid Reza Araki (Hamid-Reza Araqi) EMGK-nyň suda bermek üçin öz dokumentlerini taýýarlaýandygyny, şeýle-de taraplaryň eýýäm prosesi alyp barmak üçin aklawçylary hakyna tutandyklaryny aýtdy.
Bu işe seretmegiň wagtynyň iki ýyla uzajakdygy aýdylýar.
Ýatladýarys, 2016-njy ýylyň ahyrynda “Türkmengaz” EMGK-dan $1,8 mlrd möçberinde bergisini tölemegini talap edenden soň, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda galmagal turdy.
Eýranyň habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, uzaga çeken gepleşiklerden soň taraplar özara ylalaşyga geldiler.Emma, muňa garamazdan, Türkmenistan 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Eýrana gaz ibermegini bes etdi.
Eýran soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistana Halkara arbitraž suduna işiň seljerilmegi üçin şikaýat etjekdigini aýdyp, birnäçe gezek haýbat atdy.