Türkmengaz döwlet konserni maddy-tehniki enjamlary satyn alar

30-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmengaz döwlet konserniniň maddy-tehniki enjamlary we serişdeleri satyn almagy hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu maddy-tehniki enjamlar we serişdeler Türkmengaz döwlet konserniniň Bagajanyň gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasyny doly kuwwatyna çykarmak arkaly Bagaja gaz käninde tebigy gazyň çykarylyşyny hem-de suwuklandyrylan gazyň möçberini artdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň durnukly we netijeli işiniň bu pudagyň düzümleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tehnikalary we enjamlary täzelemek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle-de, wise-premýer Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan nebit känlerini düýpli özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Häzirki wagtda döwlet konserni tarapyndan Çeleken käniniň düzümine girýän meýdançalary düýpli özleşdirmek, täze nebit guýularyny gazmak arkaly çykarylýan nebitiň möçberlerini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz ýataklaryny ýokary depginlerde özleşdirmek, täze guýulary burawlamak, pudaklaýyn taslamalara isleg bildirýän iri ugurdaş kompaniýalary çekmek arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň okgunly ösdürilýändigini nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmengaz DK Bagaja käninden tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrar
Türkmenistanyň gündogar sebiti 97 müň 236 tonna suwuklandyrylan gaz eksport etdi
Bagaja gaz käniniň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin maddy-tehniki enjamlar satyn alnar
Türkmenistanda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak işleri güýçlendirilýär
Naýypda gazy gaýtadan işleýän enjam döwrebaplaşdyrylýar