
Türkmengaz döwlet konserni Bagajanyň gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasyny doly kuwwatyna çykarmak üçin maddy-tehniki enjamlary satyn alar. Bu barada şu gün Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow habar berdi diýip, Watan habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, Bagajanyň gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasynyň doly kuwwatyna çykarylmagy Bagaja gaz käninde tebigy gazyň çykarylyşyny hem-de suwuklandyrylan gazyň möçberini artdyrmaga ýardam berer.