Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisiniň dowamynda wise-premýer Ş.Abdyrahmanow milletiň Liderine “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi, şol enjamlardyr ätiýaçlyk şaýlary “Döwletabatgazçykaryş” müdirligine degişli gaz gysyjy desgalarda hatardan çykan enjamlary çalyşmakda hem-de bejergi işlerini geçirmekde ulanmak meýilleşdirilýär.
Nebitgaz senagatynyň netijeli we durnukly işlemegini üpjün etmek önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tehnikalary we enjamlary täzelemek, netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gös-göni baglydyr, şol maksat üçin her ýyl uly möçberde maýa serişdeleri goýberilýär diýip, milletiň Lideri belledi.
Döwlet Baştutany “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda” Karary makullap we oňa gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de oňa birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “Auguste International F.Z.E” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.