Türkmengalada bir okuwçy gyz öz janyna kast etmäge synanyşdy

Türkmengalada bir okuwçy gyz öz janyna kast etmäge synanyşdy

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda bir okuwçy gyz öz janyna kast etmäge synanyşdy. Uksus kislotasyny içen 15 ýaşly gyz agyr ýagdaýda etrap hassahanasyna ýerleşdirildi.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna maglumat beren gyzyň ýakyn hossarlarynyň biri onuň öz janyna kast etmek synanyşygyna “agyr durmuş şertleriniň, ýeter-ýetmezçiligiň” sebäp bolandygyny aýtdy.

“Lukmanlar gyzyň aşgazanyny dessine ýuwup, ony halas etdiler. Ol häzir hassahananyň agyr hassalaryň saklanýan bölüminde saglyk bejergisini alýar” diýip, gyzyň ýakyn hossarlarynyň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlykda gyzyň şahsyýetini anyklaýan we wakanyň anyk haçan, nirede bolandygy barada goşmaça maglumatlar bolsa-da, redaksiýa howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Gyzyň ýakyn hossarlarynyň biriniň tassyklamagyna görä, janyna etmäge synanyşan mekdep okuwçysy kakasy Türkiýede ýogalan we şol ýerde jaýlanan, diňe ejesi tarapyndan eklenýän üç çaganyň biri.

“Wakanyň bolan güni gyzyň ejesi çagalary bilen bazara gidipdir.Ol gyzyna 60 manatlyk aýakgap satyn alyp beripdir. Ýöne gyzy ony göwnemän, “maňa munuň ýaly arzan aýakgap gerek däl, men boýdaş gyzlarymdan utanmaýyn” diýip, ejesinden gymmatragyny alyp bermegi sorapdyr.

Ejesi ýene-de almaly zatlary kändigi sebäpli, gyzyny diňlemändir. Şondan soňra gyz bazardan öýüne gelýänçä göz ýaş döküpdir” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, gyz özleriniň “garyp durmuşda ýaşaýandyklaryndan” şikaýat edip, synpdaş gyzlarynyň ýanynda egniniň gysykdygyny, olar bilen gatnaşyp bilmeýändigini aýdypdyr.

“Ol ýolda beýdip ýaşanyňdan öleniň gowy diýip, göz ýaş dökensoň, ejesi öýlerine gelenlerinden bir salym soň, gyzyndan hiç hili ses gelmänsoň, biynjalyk bolup, gyzy özüni asaýmasyn diýip, gaz jaýa ylgap giripdir. Şonda ol gyzynyň elinde uksusy görüpdir we onuň üsgürip, zordan dem alýandygyna we gygyrýandygyna şaýat bolupdyr.

Aljyraňňy ýagdaýa düşen eje dessine goňşusyna habar berip, onuň ulagynda gyzyny hassahana eltipdir” diýip, söhbetdeşimiz belledi.

Azatlyk waka barada Türkmengalanyň etrap hassahanasyndan teswir alyp bilmedi.

Söhbetdeşimiz gyzyň ejesiniň çagalaryny eklemek üçin toý-sadakalarda gap-gaç ýuwup, dükanlaryň içini arassalaýandygyny hem aýtdy. Ýöne ol bulardan gelýän girdejileriň juda azdygy sebäpli, maşgalanyň agyr durmuş şertlerinde, ýeter-ýetmezçilikde ýaşaýandygyny belledi.

“Üç çaganyň ejesi ýetim çagalara döwlet tarapyndan kömek pulunyň berilýändigini eşidip, ençeme gezek arçynlyga bardy. Ýöne býurokratik bökdençlikler zerarly, resminamalary almak üçin para bermelidigi sebäpli, onuň bu synanyşygy hem oňyn netije bermedi” diýip, söhbetdeşimizi aýtdy.

Soňky alty aýyň dowamynda Türkmenistanda ýaş gyzlaryň arasynda öz janyna kast edýänleriň ýa-da kast etmäge synanyşýanlaryň bardygy baradaky tema sosial ulgamlaryň türkmen dilli ulanyjylarynyň arasynda hem ýygy-ýygydan gozgalýar.

Ulanyjylar bu gyzlaryň pajygaly ýagdaýa baş goşmagyna köplenç olaryň halaşan oglanlary tarapyndan “öýlenjek wadasy” bilen jynsy gatnaşykda bolmagynyň we soňra-da wadasynda tapylmazlygynyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmen jemgyýetinde saklanyp galýan konserwatiw düşünjeler bu gyzlaryň “indi durmuş gurup bilmerin” diýip, gelejege bolan umydyny üzmegine getirýär diýlip, sosial ulgamlardaky maglumatlaryň birinde bellenilýär.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda öz janyna kast edýänleriň ýa-da kast etmäge synanyşýanlaryň köp göze ilýändigi barada Azatlygyň habarçylary wagtal-wagtal maglumat berýärler. Redaksiýa garaşsyz çeşmelere tassykladyp bilmändigi sebäpli, bu wakalaryň käbirlerini köpçülige ýetirmekden saklanypdy.

Habarçylarymyz bu ýaşlaryň köplenç ýokary synplarda okaýan okuwçy gyzlardygyny we olaryň ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, güzeran eklenji agyrlaşan hojalyklaryň çagalarydygyny belläpdiler.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi öz janynan kast edýän ýa-da kast etmäge synanyşan adamlar baradaky sanlary we olar boýunça açylan derňewleri köpçülige mälim etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler ýaýraýar
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda et we süýt önümleriniň çagalara berilmegi togtadyldy Balkan
Maryda näbelli mör-möjekler ýaýraýar
Çagalaryny ýeke ekleýän eneler häkimiýetleriň ýetimleriň hakyny iýýändigini aýdýar
Balkanabatda bolan ýol hadysasynda bir okuwçy heläk boldy, ýene biri ýaralandy
Ot-iým ýetmezçiligi maldarçylyk pudagyna zarba urýar, mallar gyrylýar