Türkmenfilm Gorkut ata eposy esasynda film surata düşürýär

Türkmenfilm Gorkut ata eposy esasynda film surata düşürýär

Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň täze kinotaslamalarynyň biri gadymy Gorkut ata eposynyň esasynda surata düşürilýän çeper filmdir.

Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiriniň ýazmagyna görä, filmi surata düşürmek işi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Onuň režissýory Myrat Orazowdyr.

Filmiň ssenarisi Däli Domrul baradaky boýa esaslanýar. Şeýle-de onda gadymy türkmen akyldary Gorkut atanyň hem keşbi janlandyrylýar.

Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşigi täze filmi Gorkut ata atly halkara kinofestiwalda ilkinji gezek görkezilişe çykarmagy maksat edinýär. Festiwal şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Türkmenistanda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenfilm birleşiginiň täze filmleri
Polisiýa Amul galasyna barýan ýaşlardan gorkuzyp pul alýar ýerli ýaşaýjylar
“Gorkut ata” kinofestiwalynda görkeziljek filmleriň sanawy
Gorkut ata halkara kinofestiwalynda Magtymguly baradaky türkmen-özbek filmi görkeziler
Türkmenfilm Ependi atly çeper filmi surata düşürýär
"Kompozitor" türkmen filmi "Gorkut ata" kino festiwalynda ýörite baýraga mynasyp boldy