Türkmenfilm birleşiginiň täze filmleri

Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginde döredijilikli zähmet gaýnap joşýar.Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda hem uly göwrümli çeper we gysga göwrümli çeper-publisistik filmleriň ençemesi surata düşürilip kino muşdaklaryna, halkymyza ýetirildi.

Olardan ýaş zehinli kinorežissýor Batyr Batyrowyň surata düşüren türkmen türgenleriniň durmuşyndan söhbet açýan Kämillige ýol 2 erjellik atly uly göwrümli filmi bar.Bu filmde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň sport abraýynyň gün-günden arşa galýandygy çeper beýan edilýär.

Ýaş zehinli kinorežissýor Rahymberdi Annagulyýewiň surata düşüren Atalar we ogullar atly çeper-publisistik filminde Gahryman Arkadagymyzyň Ömrümiň manysy, Ömrümiň manysynyň dowamaty, şeýle-de gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysy utgaşdyrylyp beýan edilýär hem-de Pygamberlik ýolundan başlap, häzirki döwrümize çenli ata bilen ogul arasyndaky gatnaşyklar barada söhbet açylýar.

Eser çuň mazmunly bolup, öz içine dürli döwürleri alýar.Hut şonuň esasynda hem film özboluşly häsiýete eýe bolupdyr.

Bulardan başga-da, Gadymy Änew türki dünýäsiniň medeni paýtagty, Daglar garaşýar, Magtymguly ýyly atly çeper-publisistik filmler surata düşürildi. Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp Aşyk men, Bagt näme atly gysga göwrümli çeper filmler önümçilige goýberildi. Aşyk men atly filmde Aşyk atly ýaş zehinli ýigidiň zähmet we durmuş ýoly çeper beýan edilýär.

Şeýle-de, şu ýyl surata düşürilip başlanan we häzirki wagtda dowam edýän kinorežissýor Myrat Orazowyň Gorkut ata boýlary (Domrul) atly uly göwrümli çeper filmi Gorkut ata eposynyň Döwhe goja ogly Däli Domrul boýy bölümi esasynda bolup, baş gahryman Domrul özüne göwni ýetýän, batyr adam hökmünde suratlandyrylýar.

Ýaş zehinli kinorežissýor Hekim Alowowyň Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan ybarat kitabyň taryhyndan söhbet açýan Baky dost atly gysga göwrümli filminiň hem-de Magtymguly Pyragy atly uly göwrümli çeper filminiň surata düşüriliş işleri alnyp barylýar. Akyldar şahyryň çagalyk, ýaşlyk, orta ýaş we garrylyk pursatlaryny öz içine alýan bu filmi Şirli Mollaýew surata düşürýär.

Resul Hojaberdiýew,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Türkmenfilm Gorkut ata eposy esasynda film surata düşürýär
Jennet PALTAÝEWA
Dilşat Meläýewa: sahna sungatynda adygan artist
Körpeleriň Aşyr dädesi
Körpeleriň Aşyr dädesi