“Türkmenfilm” birleşiginiň saç-sakgal we murt goýbermek barada aktýora beren Rugsat haty Internetde peýda boldy

“Türkmenfilm” birleşiginiň saç-sakgal we murt goýbermek barada aktýora beren Rugsat haty Internetde peýda boldy

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda häkimiýetleriň ilatyň saç-sakgal we murtuna edýän gözegçiliginiň ýeten derejesini açyp görkezýän bir resminamanyň üstünden bardy.Türkmen dilinde maglumat paýlaşýan sosial media ulanyjylarynyň arasynda Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygy Ýazmyrat Şadurdyýewiň goly bilen ýaýradylan Rugsatnama peýda boldy.

Rugsatnamada birleşigiň başlygy Şadurdyýew aktýor Anna Meläýewe saç-sakgal we murt goýbermäge rugsat berýär.Ol bu rugsady birleşigiň taryhy bir kinony surata düşürýändigi bilen esaslandyrýar.Dokumentden mälim bolşuna görä, “Türkmenfilm” birleşigi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby esasynda “Beýik Ýüpek ýoly” atly çeper film surata düşürýär. “Filmde geçmişdäki taryhy döwrüň sahnalaryny surata düşürmek göz öňünde tutulýar. Şonuň üçin esasy gahrymanyň keşbini döredýän Anna Meläýewe filmiň surata düşürilýän döwründe saç-sakgal, murt goýbermäge birleşik tarapyndan rugsat berilýär” diýlip, Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygy Ýazmyrat Şadurdyýewiň adyndan 2019-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda gol çekilen Rugsatnamada aýdylýar.

Bu dokument Twitter sosial media ulgamynda 3-nji maýda peýda boldy.Azatlyk Radiosy “Türkmenfilm” birleşigi bilen habarlaşyp, sosial mediada peýda bolan degişli Rugsatnamany tassykladyp bilmedi.Eýsem, saç-sakgal we murt goýbermäge rugsat berlen Anna Meläýew bu rugsatnamany kime görkezmeli, ony näme etmeli!?

Bu soraglaryň jogaby hem nämälimliginde galýar. “Türkmenfilm” birleşigine Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti gözegçilik edýär.Rugsatnamanyň sosial mediada peýda bolan wagty prezident Berdimuhamedowyň 7-nji maýda Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Nurmämmet Garlyýewe berk käýinç we soňky duýduryş yglan etmeginiň edil öňýanyna gabat geldi.

Dokumentden mälim bolşuna görä, prezident Berdimuhamedowyň kitabynyň esasynda surata düşürilýän taryhy kinoda baş gahrymana saç-sakgal we murt goýbermäge 28-nji ýanwarda rugsat berilmegi, Berdimuhamedowyň 14-nji ýanwarda geçiren hökümet mejlisinde ruhy gymmatlyklara esaslanýan döwlet ideologiýasyny döretmek barada eden çykyşynyň yzýanyna gabat gelýär.

Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň sakgal goýbermegini berk gözegçilikde saklaýar.Azatlyk Radiosy häkimiýetleriň sakgal çäklendirmeleri barada yzygiderli maglumat berip geldi.Habarlardan mälim bolşuna görä, Türkmenistanda häkimiýetler sakgal goýberýän ýaş ýa-da orta ýaş raýatlara dini ekstremizm haýbatyny atýar.

Türkmenistanyň sakgal çäklendirmeleri döwletiň guramagyndaky çärelere gatnaşmaga mejbur edilýän ak, çal, gara ýa-da beýleki dürli reňklerdäki sakgally ýaşuly nesliň wekillerine degişli däl.Merkezi Aziýa ýurtlaryndan goňşy Özbegistan we Täjigistan ýaly ýurtlarda-da häkimiýetler raýatlaryň saç-sakgal we murt goýbermegini gözegçilikde saklaýar. “Türkmenfilm” döredijilik studiýasy 1926-njy ýylyň fewral aýynda esaslandyryldy. 1938-nji ýylda onuň ady “Aşgabat studiýasy” diýlip üýtgedildi.

Taryhda "Türkmenfilm" döredijilik studiýasy tarapyndan “Aýgytly ädim”, “Ýuwaş gelin”, “Japbaklar” ýaly birnäçe ilhalar filmler surata düşürilipdi.Studiýa köpýyllyklaryň dowamynda meşhur režissýor, dramaturg Alty Garlyýewiň adyny göteripdi. 2007-nji ýylda oňa Oguzhanyň ady dakyldy.

Ýene degişli makalalar

Baýramalyda rugsatnamasyz dükan eýelerine jerime ýazmak işleri batlandy
Ýolötende Remezan aýynyň dowamynda alkogolly içgileriň söwdasy ýatyryldy
Awtomobil ulagynda daşamak işini we ulag-ekspedisiýa
Türkmenistanda şäherara awtobus ugurlary bölekleýin açylýar
Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlary bölekleýin dikeldilýär