“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň resmi wekilleri we Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy (DABS) Hyratdaky “Nur-ul-Jahad” podstansiýana elektrik energiýasyny ibermek taslamasy boýunça gepleşikleri tamamladylar.
DABS kompaniýasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, gepleşikleriň netijesi boýunça DABS kompaniýasynyň Baş müdiri bilen “Türkmenenergo” korporasiýasynyň tehniki wekilleri bilelikdäki teswirnama gol çekdiler.
Duşuşygyň çäklerinde “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynyň elektrik üpjünçiligini giňeltmek taslamasy bilen baglanyşykly dürli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taslamanyň takyk başlanýan senesi, çaklanylýan çykdajylar, howpsuzlyk çäreleri we ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyldy.
DABS kompanyýasynyň habar bermegine görä, iki tarap hem taslamanyň dürli jähtleri boýunça ylalaşyk gazandy. Netijede, öňki ylalaşyga käbir üýtgeşmeler girizildi we potratçy kompaniýa zerur resminamalary taýýarlamak üçin wagt berildi.
Owganystanyň DABS kompaniýasy şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistandan Hyratdaky “Nur-ul-Jahad” podstansiýana elektrik energiýasyny ibermek taslamasynyň ýurduň demirgazyk-günbatar zolagyndaky elektrik üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleri aradan aýyryp biljek möhüm taslama hökmünde görülýändigini we kompaniýanyň bu taslamanyň gysga wagtda başlamagyny goldaýandygyny nygtady.