Türkmendeňizderýaýollary agentligine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmendeňizderýaýollary agentligine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annadurdy Erkinowiç Kösäýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary bilen, Batyr Amangeldiýewiç Annaýewi Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran 2-nji karary tassyklanyldy hem-de ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Resmi habarlar
Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň wekiliýetini deňiz sammitine çagyrdy
Magtymgulynyň jedelli’ goşgularynyň doňdurylan çekişmesi’ haçan açylar?
Moldowa we Gruziýa Türkmenistanyň ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlaryna öwrülýär
Türkmendeňizderýaýollary agentligine täze ýolbaşçy bellenildi
Akyldaryň okan mekdebi