“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi Türkmenbaşy şäherinde döwrebap kinoteatr gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi Türkmenbaşy şäherindäki “Çarlak” myhmanhanasynyň birinji gatyndaky 90 orunlyk mejlisler zalyny döwrebap kinoteatra öwürmek boýunça bäsleşik yglan etdi.

Bäsleşikler boýunça teklipler şu şertleri öz içine almalydyr:

-Kino zalynyň diwarlaryny ses geçirmeýän serişdeler bilen örtmek;

-“Dolby Atmos” döwrebap ses enjamlaryny ornaşdyrmak;

-Ýokary durulykdaky proýektor we giň görnüşli ekran;

-Maglumatlary saklamak üçin iri kompýuter serwerini ornaşdyrmak;

-Kinoteatra öňünden ýer belletmek üçin programma üpjünçiligi we web-saýtyny döretmek.

Geljegi uly maýa goýujylar kinoteatry uzakmöhletleýin kärendesine ýa-da ygtybarly dolandyrýan taraplara bermek göz öňünde tutulýar.

Habarlaşmak üçin:

Salgysy: Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar köçesi, 8-nji jaý.

Telefon belgisi: +993 243 6 06 00

E-mail: charlakotel@sanly.tm

Ýene degişli makalalar

Türkmenbaşyda we Awazada tagtabitine meňzeş mör-möjekler ýaýraýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
"Awaza" syýahatçylara ýapylan mahaly, prezident zolagyň häkimini eýeleýän wezipesinden boşatdy
“Bakjaly” HK öz işini giňeldýär
A.S. Puşkin adyndaky teatr barada monologlar: sahnanyň aňrysyna gezelenç
A.S. Puşkin adyndaky teatr barada monologlar: sahnanyň aňrysyna gezelenç