Sişenbe güni Türkmendemirýollary agentliginiň ýolbaşçysy Azat Atamyradow bilen Azerbaýjanyň demir ýollary ÝGPJ-niň başlygy Rowşan Rustamowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada Trend habar berýär.
Taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda demir ýol pudagynda gatnaşyklary pugtalandyrmak we ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleri özünde jemleýän Merkezi Aziýa — Ýewropa — Merkezi Aziýa we Hytaý — Ýewropa — Hytaý ugurlarynda multimodal ýük daşamalaryň mukdary barada giňişleýin pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, Azerbaýjanyň demir ýollary ÝGPJ-niň başlygy Rowşan Rustamow Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmennebit, Türkmengaz, Türkmenhimiýa döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşyklarda Azerbaýjanyň demir ýollary ÝGPJ-niň Merkezi geçelgäniň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin durmuşa geçirýän işleri barada jikme-jik maglumat berildi.