Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň bir wagtyň özünde 17 gämä hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan duralgalaryň uzynlygy 1800 metrden geçýär. Ýakyn geljekde türkmen flotunyň gämileri Hazarýaka döwletlerden daşgary Ýewropa, Gara deňiz, Powolžýe, Zakawkazýe, Pars aýlagy, Hindistan döwletlerine we beýleki iri deňiz portlaryna ýükleri daşamaga, ýolagçylary gatnatmaga mümkinçilik alar.
Döwletara söwdany ösdürmek boýunça halkara agentlikler bilen gazanylýan ylalaşyklaryň çäklerinde Türkmenbaşynyň Halkara portundan peýdalanýan ýurtlaryň sany köpelýär, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak hyzmatlarynyň görnüşleri we hili artýar.Halkara deňiz portundaky ownuk ýükler terminalynyň taslama ýyllyk kuwwaty 3 mln tonna, umumy ýükler terminalynyň ýyllyk kuwwaty 4 mln tonna ýüke barabardyr.
Bu ýerde howa, awtomobil hem-de demir ýol ulaglary arkaly getirilen üstaşyr ýükleri ugratmaga niýetlenilen konteýner terminalynda göterijilik kuwwaty 5000 tonna bolan gämileriň 3-si gije-gündiziň dowamynda hereket edýär.
Umumy geçirijilik kuwwaty 17 mln tonna barabar bolan Halkara deňiz portundan 2021-nji ýylda ýükleri daşamagyň umumy möçberi 11 million 305,3 müň tonna, şol sanda eksporta iberilen ýükleriň möçberi 6 million 580,3 müň tonna, import ýükleriň möçberi 1 million 211,8 müň tonna, üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi bolsa 353,4 müň tonna deň boldy.
Bu barada Türkmenistan gazetinde çap edilen makalada bellenilýär.
Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portundan Eýran Yslam Respublikasynyň Enzeli, Russiýanyň Astrahan, Mahaçkala, Azerbaýjanyň Baku, Gazagystanyň Aktau halkara portlaryna ýolagçylary gatnatmagyň, ýük daşamagynyň möçberi yzygiderli artýar. Gara deňze, Pars aýlagyna çykalgalary ylalaşmak arkaly Gruziýanyň Poti, Batumy portlaryna, Eýranyň Çabahar deňiz terminallaryna ulag hyzmatlary ýola goýlar.