Türkmenbaşynyň çagalar baglarynda iýmit “ogurlygy görlüp-eşidilmedik derejelere ýetdi”

Türkmenbaşynyň çagalar baglarynda iýmit “ogurlygy görlüp-eşidilmedik derejelere ýetdi”

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň çagalar baglarynda döwlet tarapyndan körpelere berilýän iýmitiň ýolbaşçylar tarapyndan ogurlanmagy görlüp-eşidilmedik derjelere ýetdi diýip, mekdebe çenli bilim edaralarynyň işgärleri aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

“Çagalar baglarynda et we miwe bakja önümleriniň müdir we onuň hojalyk işleri boýunça orunbasary, aşpez tarapyndan ogurlanmagy täzelik däl. Emma indi bu mesele has-da agyrlaşýar. Çagalar baglarynda bir almany alta bölüp, alty çaga paýlap başladylar” diýip, şäheriň çagalar baglarynyň biriniň terbiýeçisi anonim şertde gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan terbiýeçileriň ençemesi bu ýagdaýlaryň şäheriň mekdebe çenli bilim edaralarynyň tas ählisinde, şol sanda 1-nji we 3-nji çagalar baglarynda gaýtalanýandygyny belläp, çagalara etli naharyň tas berilmeýändigini aýtdy.

“Bularyň ählisi döwlet tarapyndan körpelere berilýän iýmitiň ogurlanmagynyň täze derejelere ýetmegi bilen bagly. Çagalara ujypsyz mukdarda iýmit goýlup, aşpezler çagalar baglarynyň müdirleri bilen ylalaşyp, gelen miweleri we etleri ogurlap, öýlerine alyp gidýärler.

Hatda kir ýuwuş bölümine gelen we ýorgan-düşekleri ýuwmak üçin niýetlenen himiki serişdeler, şol sanda paraşoklaryň hem 80%-i näbelli taraplara ogurlanýar” diýip, şäheriň çagalar baglarynyň biriniň ýene bir terbiýeçisi aýtdy.

Terbiýeçiler çagalara diňe Bilim ministrliginden we welaýat Bilim müdirliginden barlagçylar gelýän günlerinde kadaly iýmit berilýändigini hem belläp, şeýle diýdiler:

“Çagalar baglarynyň ýolbaşçylary we aşpezler etrap bilim bölüminden hem gorkmaýarlar. Olar bu bidüzgünçiliklerden habarly ýaly bolup görünýär”.

Ol ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, işden boşadylmakdan howatyrlanýan terbiýeçileriň we olaryň kömekçileriniň bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamakdan we degişli döwlet edaralaryna şikaýat etmekden gorkýandygyny hem belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada şäheriň bilim bölüminden we agzalýan çagalar baglaryndan teswir alyp bilmedi. Redaksiýa bu barada welaýat Bilim müdirligi we ýurduň Bilim ministrligi bilen habarlaşmak hem başartmady.

Türkmenistanda çagalar baglarynyň resmileriniň körpeleriň iýmitini "ogurlaýandygy" we hususyýetçilere satýandygy barada mekdebe çenli bilim edaralarynyň işgärleri we ene-atalar Azatlyga yzygiderli maglumat berýärler.

Şu ýylyň fewralynda paýtagtyň ençeme çagalar bagynyň terbiýeçileri we olaryň kömekçileri öz ýolbaşçylarynyň we naharhanalara jogapkär işgärleriň dil düwşüp, çagalara berilmeli azyk önümlerini özaralarynda paýlaşýandygyny we olary hususyýetçilere satýandygyny gürrüň berdiler.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy ýurtda döwrebap çagalar baglarynyň gurulýandygyny we olarda körpeler üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar, ýöne ýokarda aýdylan ýagdaýlar barada mesele gozgamaýarlar.

Bu aralykda, türkmenbaşyly ene-atalaryň ençemesi edara-kärhanalaryň tas ählisinde hepdede alty gün işlemek düzgüniniň ýola goýlan mahaly, çagalar baglarynyň körpeleri hepdede diňe bäş gün kabul etmegine nägile bildirýär.

“Edara-kärhanalar alty gün, çagalar baglary bäş gün işleýär. Biz çagalarymyzy hepdäniň altynjy günlerinde nirä goýmaly? Hökümet edara-kärhanalarda hem, hepdede bäş gün işlemek düzgünini girizmeli. Bu, dünýäniň ösen ýurtlarynyň ählisinde şeýle” diýip, türkmenbaşyly ene belledi.

Türkmenistanda mekdebe çenli bilim edaralary bir ýaşdan alty ýaşa çenli körpelere degişli bolup, olar iki görnüşli bilim maksatnamasyny öz içine alýar. Olarda bäş ýaşa çenli çagalaryň irki ösüşine we okuwyna üns berilse, bäş ýaşdan alty ýaşa çenli çagalar başlangyç mekdebe taýýarlanýarlar. Çagalary başlangyç mekdebe taýýarlyk Türkmenistanda hökmany talap bolup durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň çagalar baglarynda körpeleriň iýmiti “ogurlanýar”
Balkanabatda bolan ýol hadysasynda bir okuwçy heläk boldy, ýene biri ýaralandy
Abadanda býujet işgärlerinden “saglyk barlagy” üçin pul ýygnalýar
Maryda ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler ýaýraýar
Maryda näbelli mör-möjekler ýaýraýar
Aşgabatda ýene-de kondisionerler sökülýär