Şu gün Türkmenbaşy şäherinde açylyp ulanylmaga berlen 400 orunlyk köpugurly hassahana halkara güwänamalarynyň üçüsiniň şahadatnamasy gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow Prezident Serdar Berdimuhamedowa täze hassahanada geçirilen maslahatda aýtdy.
Ministr N.Amannepesow täze we döwrebap saglygy goraýyş toplumynyň açylandygy üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, dabara gatnaşyjylara Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahana halkara güwänamalaryň 3-siniň, hususan-da, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Surih şäherindäki Federal tehnologiýa institutynyň Ýokary tehnologiýalar güwänamasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlary boýunça Maks Plank institutynyň Ýokary hil güwänamasynyň hem-de Beýik Britaniýanyň Sagdyn daşky gurşaw gaznasynyň Ekologiýa taýdan arassa daşky gurşawly hassahana güwänamasynyň berlendigini habar berdi.
Belläp geçsek, Türkmenbaşy şäherinde açylan köpugurly 7 gatly hassahanada dürli keselleriň öňüni almak, olary anyklamak hem-de bejermek işleri göwnejaý ýola goýuldy,onda bölümleriň 27-si hereket eder.