Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki ençeme hususy dükanlarda günebakar ýagy 22-nji awgustda birden tekjelerden aýryldy. Käbir iri söwda nokatlarynda bu ýagyň bahasy takmynan 20 göterimden 40 göterime çenli gymmatlady.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe telekeçi günebakar ýaglarynyň söwda tekjelerinden ýygnalyp alynmagyny bu önümiň ýakyn wagta bahasynyň ýokarlanmagyna garaşylmagy bilen baglanyşdyrýarlar.
“Hususy dükanlara günebakar ýagyny ýerleýjiler, dilerler öz ýaglaryny tekjelerden ýygnap aldylar. Olar bu önümiň bahasynyň ýokarlanjakdygyny, onuň täze bahasy kesgitlenýänçä harytlary ýerlemek işlerini togtadandyklaryny aýdýarlar” diýip, bir telekeçi aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy günebakar ýagynyň şäheriň döwlet dükanlarynda eýýäm tas bir ýyla golaý wagt bäri satylmaýandygyny, bu önümiň şu wagta çenli diňe hususy dükanlarda bir litriniň bahasy 18 manatdan satuwda durnukly elýeterli bolandygyny habar berýär.
Şäherde günebakar ýagynyň üpjünçiligi bilen bagly emele gelen ýagdaý bu önümiň heniz hem satuwda bolan söwda nokatlarynda bahalaryň ýokarlanmagyna alyp geldi.
“Türkmenbaşynyň Aşgabat’ gipermarketinde, şeýle-de Arzan’, Jennet’ we başga-da birnäçe marketde günebakar ýagynyň bir litriniň ozal 18 manat bolan bahasy birden 23-25 manada çenli gymmatlady” diýip, bir şäher ýaşaýjysy aýdýar.
Şol bir wagtda, “Oleýna” we “Zlato” söwda nyşanly günebakar ýaglary 27 manatdan 35 manada çenli gymmatlady, “Zolotaýa semeçka” söwda nyşanly ýaglaryň bahasy 46 manatdan 55 manada çykdy.
Maglumat üçin aýdylsa, “Zlato” we “Zolotaýa semeçka” haryt nyşanly günebakar ýaglary Russiýada öndürilýär, şeýle-de düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Bunge Global” kompaniýasy “Oleýna” ýaglaryny hem Ukrainada, hem-de Russiýada öndürýärdi. Ýöne “Bunge Global” Russiýanyň Ukrainada alyp barýan esassyz çozuşynyň arasynda Russiýany terk etdi. Bu ýurtdaky “Oleýna” ösümlik ýag zawody rus eýeçiligine geçdi.
Russiýanyň Ukrainada alyp barýan esassyz çozuşlary iki ýurduň hem eksport mümkinçiliklerine täsir etdi.
Ýöne Russiýa urşuň öňüsyrasynda hem, günebakar ýagynyň eksportlaryny çäklendirip başlapdy. Bu ýurt 2021-nji ýylyň oktýabrynda günebakar ýagynyň eksportyna degişli gümrük paçlaryny ýokarlandyryp, şol bir wagtda, bu ýagyň çig malynyň eksport möçberlerini hem çäklendirdi.
Türkmenistan 2021-nji ýyla çenli daşary ýurtlardan satyn alýan günebakar ýagynyň agramly bölegini Russiýadan satyn alypdyr. Şoňa çenli tas her ýylda Türkmenistana import edilen günebakar ýagynyň 90 göterimden gowragy Russiýanyň paýyna düşüpdir. Ýöne 2022-nji ýylda Türkmenistan bu ýagy esasan Türkiýeden import edip başlady.
Degişli döwürde bu önümiň 73,4 göterimi Türkiýeden, 14,6 göterimi Azerbaýjandan we galan möçberleri Birleşen Arap Emirliklerinden hem-de Gazagystandan import edilipdir.Bu maglumatlar “Ykdysady çylşyrymlylyk” obserwatoriýasynyň statistikalaryna esaslanýar.
Türkmenistan soňky ýyllarda öz içinde hem günebakar ýagynyň önümçiligini artdyryp başlady.Türkmen metbugaty “Gündogar akymy” hojalyk jemgyýetiniň 2021-nji ýylda Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän ösümlik ýag kärhanasynda 60 tonnadan gowrak günebakar ýagyny öndürendigini habar berdi.
Bu zawodyň kuwwatlylygy ýylda 7 müň tonnadan gowrak arassalanan ösümlik ýagyny öndürmäge barabardyr.Kärhana 2019-njy ýylda işe girizildi.Munuň yz ýany, günorta sebitde bu ösümlik ýagyny öndürmek üçin zerur çig maly, günebakar çigidini ösüp ýetişdirmäge niýetläp, ýörite ekerançylyk ýerleri bölünip berildi.
Hazaryň ýakasynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary bu önümiň bahasynyň geljekde hem ýokarlanmagyndan howatyrlanýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürrüňdeş bolan ýerli söwdagärler bahalaryň tas 2.5-3 essä çenli ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar. Häzirki wagtda bahalar, penşenbe güni, bir günde 1,2-1,4 esse aralygynda gymmatlady.
Azatlyk Radiosy günbatar sebitde günebakar ýagynyň üpjünçiligi bilen bagly emele gelen ýagdaýlar boýunça sebit häkimiýetlerinden we söwda resmilerinden teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.