Türkmenbaşyda "gaz tygşytlamak we metan syzmalaryny azaltmak" üçin tamdyrlar ýumrulýar

Türkmenbaşyda "gaz tygşytlamak we metan syzmalaryny azaltmak" üçin tamdyrlar ýumrulýar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimiýetleri tamdyrlary ýumurýarlar. Häkimiýet wekillleri bu çäreleriň gaz tygşytlamak we atmosfera zyňylýan metan gazyny azaltmak maksadyndan ugur alýandygyny aýdýarlar. Döwlet dükanlarynda un we çörek ýetmezçiliginiň ýitileşen mahalyna gabat gelen bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy noýabrda sebitden maglumat berdi.

“Tamdyrlary ýykmak kampaniýasy şäher häkimliginiň, polisiýa bölüminiň we ýangyna garşy göreş gullugynyň işgärleriniň gatnaşmagynda 27-28-nji noýabrda amal edildi. Şäheriň Çerýamuşka, Tretiý, 1-nji, 2-nji, 3-nji we 4-nji etrapçalarynda, şeýle-de, Janga we Akdaş ýaşaýyş toplumlarynda 1 müňe golaý tamdyr ýumruldy” diýip, ýagdaýdan habarly türkmenbaşyly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Çäräniň çäginde tamdyr çörek bişirip satýan telekeçileriň tamdyrlary ýumrulyp, rugsatnamalary ellerinden alyndy.

Mundan başga-da, çörek bişirip satmak üçin niýetlenmedik hojalyk tamdyrlary hem doly ýykyldy. Bularyň arasynda howly jaýlarda we köp gatly jaýlaryň ýanyndaky ýanaşyk ýerlerde gurlan tamdyrlar bar.

“Ýaşaýjylara şäher gaz üpjünçilik edarasy we ýangyna garşy göreş gullugy tarapyndan berlen rugsatnamalaryň öz güýjüni ýitirendigi aýdylyp, rugsatnamalary ellerinden alyndy. Olaryň gaz hasaplaýjylary gazdan kesilip aýryldy we gaz turbalary ýörite serişde bilen kewşirlendi” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Häkimiýetleriň bu çäreleri şäherde çörek bişirip satýan telekeçileriň onlarçasynyň öz işini togtatmagyna we ýüzlerçe aýal-gyzyň işsiz galmagyna getirdi.

“Şäheriň bazarlaryny, dükanlaryny gyzgyn tamdyr çöregi bilen üpjün edýän 30-a golaý telekeçi we olaryň aýal-gyzlardan ybarat 215 töweregi işçisi işsiz galdy” diýip, ýagdaýdan habarly ýerli telekeçi anonim şertde habarçymyza aýtdy.

Mundan başga-da, hepdäniň başyndan bäri şäheriň bazarlarynda, hususy dükanlarynda we marketlerinde tamdyr çöreginiň gytçylygy hem ýitileşip başlady.

Ýaşaýjylaryň we telekeçileriň ençemesi häkimiýet wekilleriniň bu çäreleriň sebäbi barada resmi düşündiriş we resminama bermeýändigini aýdýar.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada şäher häkimliginden, polisiýa bölüminden we ýangyna garşy göreş gullugyndan kommentariý almak synanyşyklary hem başa barmady.

Ýöne tamdyrlary ýykmak çäresine gatnaşan häkimiýet wekilleriniň käbirleri bu çäreleriň gaz tygşytlamak we atmosfera zyňylýan metan gazyny azaltmak maksadyndan ugur alýandygyny aýdýarlar.

“Çäräniň çäginde etrap we oba ýerlerindäki saglyk öýlerinde, mekdeplerde we hojalyk öýlerinde ulanylýan gaz enjamlar üçin diňe bir nokatdan gaz bermek hem göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, häzir Türkmenistanda 1 müň kub gaz üçin 20 manat töleg alynýar. Hökümet bu tölege hem gaýtadan seretmegi göz öňünde tutýar” diýip, ýerli ýaşaýjy şäher häkimliginiň aýdan sözlerini sitirledi.

Bellesek, Türkmenistanda ýaşaýyş we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalary baglarynyň, mekdepleriň gaz üpjünçiliginiň ýagdaýy her ýylyň gyş paslynda ýaramazlaşýar. Ilatyň gaz üpjünçiliginiň ençeme sagatlap kesilmegi bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Galyberse-de, energiýa serişdelerine baý Türkmenistan ýangyç-energetika desgalaryndan syzyp çykýan metan zyňyndylary bilen howany hapalamakda dünýä ýurtlarynyň arasynda öňe saýlanýar.

Ýöne ýagdaýlara syn edýän ýerli synçy anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda metan zyňyndylarynyň tamdyrlardan ýa-da durmuş maksatly desgalardan däl-de, ýurduň ýangyç-energetika desgalaryndan syzyp çykýandygyna ünsi çekip, şeýle diýdi:

“Çäräniň sebäbini belli bir derejede gaz tygşytlamak tagallasy diýip aýdyp bolar. Ýöne munuň esasy sebäbi döwlet dükanlaryna iberilýän unuň telekeçilere bikanun satylmagynyň öňüni almak ýaly bolup görünýär”.

Bellesek, soňky aýlarda ýurduň döwlet dükanlarynda un we çörek ýetmezçiligi ýitileşýär. Ilata un paýlary kadaly paýlanylmaýar, käbir sebitlerde alty aý çemesi gijikdirilýär. Çäkli möçberde satylýan arzan çörek ýaşaýjylaryň ählisine ýetmeýär.

Galyberse-de, oktýabryň ahyrynda Aşgabatdaky habarçylarymyz paýtagtyň döwlet dükanlarynda azyk paýlaryny dükanlaryň arka gapysyndan hususyýetçilere satmak tejribesiniň “möwjeýändigini” habar berdiler.

Türkmenistanda häkimiýetler tamdyrlary ýykmak ýa-da tamdyr çöregini bişirýänlere garşy göreşmek çärelerini mundan ozalky ýyllarda hem amal edipdiler.

2021-nji ýylda Balkanyň häkimiýetleri dükanlardaky un we çörek ýetmezçiligini tamdyr çöregini bişirip satýan raýatlara garşy göreşmek bilen çözmäge çalşypdylar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri tamdyrlaryň ýumrulmagy we onuň sebäpleri, şeýle-de dükanlardaky un, çörek ýetmezçiligi barada habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Düýpli abatlaýyş işlerine mätäç turbalardan gaz syzýar, ilatly ýerlerde gazyň basyşy ymykly peselýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Balkanda ilatyň gaz töleginiň möçberi sarp edilen gazyň mukdaryna görä däl-de, jaýyň tutýan meýdanyna görä kesgitlenýär
Balkanly goja: Jaý satyn almak beýlede dursun, güzeranymyzy zordan aýlaýarys
'Aýdylýan 7 million nirede'. Türkmenistanyň ilatly nokatlarynda ýaşaýjy ep-esli azaldy
Goşun gullugyndan ir boşajaklaryň 'para möwsümi' başlandy