Türkmenbaşyda döwlet taksileriniň ýol kireýleri 60 % gymmatlady, awtobus gatnawlary seýrekleşdi

Türkmenbaşyda döwlet taksileriniň ýol kireýleri 60 % gymmatlady, awtobus gatnawlary seýrekleşdi

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde döwlet taksileriniň ýol kireýleri sentýabr aýynda 1 manat 20 teňňe möçberinde gymmatlap, bir kilometr ýol kireýiniň bahasy 2 manat bolanlygyndan 3 manat 20 teňňä çykdy. Bu aralykda, şäherdäki awtobus gatnawlarynyň hem rejesi üýtgedilip, gatnawlar seýrekleşdi.

“Dynç alyş möwsüminiň tamamlanmagynyň yz ýany, 1-nji sentýabrdan başlap, döwlet taksileriniň taksometrleri her bir kilometr ýol üçin 3 manat 20 teňňe pul ýazýar, öňler her bir kilometr üçin 2 manat töleg tölenerdi” diýip, türkmenbaşyly çeşme aýdýar.

Bu ýagdaý şäherde awtobus gatnawlarynyň hem seýrekleşmegi bilen, býujet işgärleriniň hem-de mekdep okuwçylarynyň gündelik gatnawyny kynlaşdyrýar.

Her gün irden işe ýa-da okuwa ýetişmeli bolýan işgärler ýa-da okuwçylar hususy taksileriň bahalarynyň hem gymmat bolandygyny aýdýarlar.

“Hususy taksiler 10 kilometr çemesi aradaşlykda ýerleşýän etrapçalara 20 manat pul soraýar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Taksi tölegleriniň gymmatlamagy şäherde ýolagçy awtobus gatnawlarynyň seýrekleşýän pursatlaryna gabat gelýär.

Täze gatnaw tertibine görä, 2, 3, 6, 7, 9 we 26 belgili awtobuslar öňler duralgalara her sagatda gelýän bolsa, häzirki wagtda gatnawlaryň wagt aralygy iki sagada çykarylypdyr.

“Häzir awtobuslar irden sagat 7:30-da gatnap başlaýar, soňra 9:30-da, 11:30-da we 13:30-da gelýär” diýip, şäheriň duralgalarynyň birinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Demir ýol menzili we kiçi etrapçalar, şeýle-de Awaza syýahatçylyk zolagy bilen aralykda gatnaýan ýolagçy awtobuslarynyň gatnaw rejesi täze üýtgeşmelere sezewar boldy.

Şäherde emele gelen transport kynçylyklary býujet işgärleriniň hem-de okuwçy ýaşlaryň gününe oňaýsyz täsir edýär diýip, beýleki bir türkmenbaşyly ýaşaýjy aýdýar.

Şäheriň bir transport kärhanasynyň hünärmeni awtobus gatnawlarynyň kemeldilmegini häkimiýetleriň tygşytlylyk tagallalary bilen düşündirýär.

“Awtobus gatnawlaryny kemeltmesek, bular öz çykdajylaryny hem ödäp bilmeýär. Dynç alyş möwsüminde sürüjiler hiç bolmanda günlük borçnamalaryny ýerine ýetirip bilýärdiler, ýöne häzir welin, borçnamanyň bary-ýogy 35 göterimi ýerine ýetirilýär” diýip, transport kärhanasynyň işgäri aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça şäher häkimliginden ýa-da transport resmilerinden teswir alyp bilmeýär.

Ýurduň transport pudagyna Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentligi gözegçilik edýär.

Üç aý mundan ozal, prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu sebite amala aşyran saparynyň dowamynda döwlet mediasy günbatar welaýatyň ýaşaýjylaryna 200 ýolagçy awtobusynyň “sowgat berlendigini” habar berdi.

Muňa garamazdan, Hazaryň ýakasynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäherinde ýerli ýaşaýjylar köpçülik transport serişdeleriniň seýrek gatnawyndan şikaýat edýärler.

Şeýle-de, geçen ýylyň martynda bu sebitiň awtoulag kärhanasyna täze döwlet taksileriniň gowşurylandygy habar berildi.

Döwlet metbugaty ýurduň transport ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändigini aýdýar, muňa garamazdan, sebit ýaşaýjylary transport kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Mundan ozal, geçen aýda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde hem hususy ýolagçy awtobuslarynyň bahalarynyň bäş esse çemesi gymmatlandygy mälim boldy.

Şonda ýerli ýaşaýjylar bu şäherde awtobuslaryň ýol kireýleriniň bir manatdan bäş manada çykarylandygyny hem-de şäheriň möhüm şa ýollarynda awtobus gatnawlarynyň sanynyň azaldylandygyny aýtdylar.

Ýurduň gündogar we günbatar welaýatlarynda ýolagçy awtobus gatnawlarynyň azaldylmagynyň sebäpleri barada düşündiriş ýa-da resmi beýanat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Dejavu ýatdan çykmajak agşam üçin iň amatly ýer
Türkmenabatda täze ýylyň ilkinji hepdesinde birnäçe ogurlyk boldy
Täze ýyla çenli ähli işleriňi nädip dynmaly
​​​​​​​ Farenžitde tebigy bejergi usullary…
Futzal boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryş geçiriler
Gyş paslyna garamazdan, Awaza ýollanma satyn almak üçin býujet işgärlerinden pul toplanýar