Türkmenbaşyda azyk gymmatçylygy we gytçylygy gaýtadan güýçlendi

Türkmenbaşyda azyk gymmatçylygy we gytçylygy gaýtadan güýçlendi

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Awaza syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň tamamlanmagynyň we Garaşsyzlyk baýramynyň yz ýanynda, Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde azyk gymmatçylygy we gytçylygy gaýtadan güýçlendi. Döwlet dükanlarynda we bazarlarynda gök-bakja önümleriniň käbir görnüşleri we beýleki azyk harytlary gytaldy. Bu bolsa, olaryň bahalarynyň gymmatlamagyna getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.

“Häzir şäheriň bazarlarynda mundan iki-üç aý ozal döredilip başlanan emeli azyk bolçulygy ýok. Azyk önümleriniň görnüşleri juda azaldy. Döwlet dükanlarynda-da diňe süýji we köke önümleri satylýar. Onuň hyrydary juda az” diýip, habarçymyz aýtdy.

Häzir döwlet dükanlarynda kartoşka, sogan, lebap we daşoguz tüwüleri, ösümlik ýagy, towuk budy we ýumurtgasy seýrek satylýar.

"Olaryň bahasy bazarlardakydan arzan bolansoň, sanlyja sagatda satylyp gutarýar” diýip, habarçymyz belledi.

Gytçylyk hususyýetçilerde esasanam ýumurtga, käşir, ösümlik ýagy, tüwi, un ýaly önümleriň bahalarynyň gymmatlamagyna getirdi. Habarçymyz azyk harytlarynyň käbiriniň bahalary barada maglumat berdi:

1,5 litr pagta ýagy 60 manat,

30 sany ýumurtga 51 manat,

1 kg un 12 manat,

1 kg tüwi 29-60 manat,

1 kg kartoşka 12 manat,

1 kg sogan 14 manat,

1 kg käşir 10 manat.

Sentýabryň ortalarynda, Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, şäheriň “Aşgabat”, “Ýelken” we “Çarlak” supermarketlerinde 30 ýumurtga 46 manatdan satylypdy. Baýramçylykdan üç gün öň, 24-nji sentýabrda Türkmenbaşynyň “Kenar” bazarynda azyk önümleriniň arzan bahadan göçme söwdasy guralypdy.

Türkmenbaşynyň söwda edarasynyň bir hünärmeniniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, gytçylygyň sebäbi sebitde dynç alyş möwsüminiň we baýramçylyk mynasybetli gurnalan emeli azyk bolçulygynyň tamamlanmagy bilen baglanyşykly.

Ol bu çärelerden soňra sebitiň ünsden düşürilendigini we häzirki wagtda sebitiň döwlete degişli azyk ammarlarynda ätiýaçlyk azyk önümleriniň tas galmandygyny belleýär.

“Toprak-howa şertleri zerarly azyk önümleriniň önümçiligi pes bolan Balkan welaýaty esasan ýurduň beýleki sebitlerinden iberilýän azyga garaşly bolup galýar.Bereket galla kärhanasynda çig mal ýok. Şu hepde Büzmeýin un zawodundan 300 tonna un gelmelidi, ýöne bu transport meselesi sebäpli öňümizdäki hepdä geçirildi.

Lebap ýag zawodundan hem pagta ýagy gelmeli. Şeýle-de, Marydan we Ahaldan azyk önümleri hem gelmeli.Bular gelse, biz hem halkymyzy tizden-tiz azyk bilen üpjün edip bilerdik” diýip, söwda hünärmeni aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň söwda edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Iýulyň ahyrynda Awaza hökümet agzalarynyň dynç alşyna taýýarlanýan mahaly, häkimiýetler sebitiň bazarlarynda emeli “azyk bolçulygyny” döretmäge çalyşdylar.

Şonda beýleki azyk harytlary bilen bir hatarda, daşary ýurtlardan import edilen tropiki miweler Aşgabatdan getirilip, Kenar’ bazaryň sowadyjy ammarlaryna ýerleşdirildi. Döwlet dükanlarynda hem, azyk önümleriniň dürli görnüşleri satuwa çykarylypdy.

Türkmenistanda alty ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýurduň döwlet dükanlarynda ýeňillikli azyk önümleriniň gytçylygy saklanyp galýarka, bazarlarda harytlaryň gymmatlamagy bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Häkimiýetler ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň we Awazada dynç alyş möwsüminiň dowam edýän döwründe sebit bazarlarynda we dükanlarynda emeli azyk bolçulygyny döredýär. Ýöne baýramçylygyň we möwsümiň tamamlanmagynyň yzysüre, bu emeli bolçulyk aradan aýrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Baýramçylyk gabatlary towuk budy we ýumurtga çäkli möçberlerde ýeňillikli bahadan ilata hödürlendi
Aşgabat — Awaza ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň petekleri onlaýn satuwa çykaryldy
Kerkili telekeçi aýakgap önümçiligine girişdi
Awazada’ mejbury arassaçylyk işleri geçirilýär
“Ýelken” uly göwrümli polipropilen haltalaryny öndürmegi meýilleşdirýär
Ýelkenli welosiped