Türkmenbaşyda ählihalk bag ekmek çäresine niýetläp, býujet işgärlerinden pul ýygnalýar

Türkmenbaşyda ählihalk bag ekmek çäresine niýetläp, býujet işgärlerinden pul ýygnalýar

Türkmenbaşy şäherinde bag nahallaryna niýetläp, býujet işgärlerinden 100 manat möçberinde pul ýygnalýar. Olar özlerinden mejbury toplanýan pullaryň maşgala býujetine agram salýandygyny aýdýarlar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

“Ähli býujet işgärleri 100 manat möçberinde pul serişdelerini öz işleýän edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna eltip bermeli edildiler. Ykdysady kynçylyklaryň hem-de dowam edýän gymmatçylygyň fonunda býujet işägrlerinden mejbury ýygnalýan pullar adamlara agram salýar” diýip, bir býujet işgäri gürrüň berdi.

Bu ýyl sebitde bag ekmek dabarasyny geçirmek üçin Awazada bir tokaý zolagy saýlanyp alnypdyr.

“Awazada 150 gektar töweregi meýdany tutýan bir tokaý zolagy bag ekmek dabarasyny geçirmek üçin saýlanyp alyndy. Ol ýerler agyr tehnikalar bilen arassalanyp goýuldy” diýip, býujet işgärleri aýdýar.

Şeýle-de, bu tokaý zolagyndan başga, Türkmenbaşynyň demirgazyk-günbatar böleginden Gyýanly posýologyna barýan iri awtomagistralyň ugruna-da agaç nahallaryny oturtmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda ýylda iki gezek ýurt boýunça ählihalk bag ekmek dabaralary yglan edilýär. Güýz aýlarynda we Milli bahar baýramyna gabatlap, bahar aýlarynda geçirilýän dabaralar döwlet media serişdeleri tarapyndan giňden wagyz edilýär.

Nobatdaky ählihalk bag ekmek çärelerine ýurt boýunça 16-njy martda badalga berildi. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy bu sebitdäki köpçülikleýin agaç nahallaryny oturtmak çäreleriniň 20-24-nji mart aralygynda bellenen ýerlerde geçirilmegine garaşylýandygyny habar berýär.

Ýurtda däbe öwrülen bag ekmek dabaralary daşky gurşawy goramaga gönükdirilen anyk çäreleriň hatarynda mahabatlandyrylýar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýyllarboýy ekilýän baglaryň idegsizlikden guraýandygyny aýdýarlar.

Galyberse-de, habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolýan oba hojalyk hünärmenleri ýerli howa şertlerini nazarda tutup, nahal oturtmak möwsüminiň möhletiniň, ekiş wagtynyň geçendigini aýdýarlar.

Olar öňki ýyllarda ekilen agaç nahallarynyň hem tebigy şertlere laýyklykda öz wagtynda ekilmändigi sebäpli, guraýandygyny aýdýarlar.

Ýurtda soňky birnäçe ýyl bäri ýitileşýän suw ýetmezçiligi bilen bagly problemalar hem ýurt boýunça ekilýän millionlarça düýp agaç nahallarynyň idegi bilen bagly aladalary gozgaýar.

“Bag nahallaryna agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmeli. Damjalaýyn suwarylýan baglaryň şlangalary idegsiz galýar. Agaçlar 50 tonnalyk suw çelekleri bilen suwarylýar, ýöne suw çeleklerini indi wagtly-wagtynda dolduryp bolmaýar. Bu ýagdaý Awazada onlarça gektar meýdana serlip ýatan bag nahallarynyň guramagyna sebäp boldy” diýip, oba hojalyk hünärmeni gürrüň berdi.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi her ýylyň bag ekmek möwsüminde, ýylda iki gezek, köpçülik ekiş dabaralaryna gatnaşýan raýatlary görkezýär we bu çäreleri ýurduň bagy-bossanlyga öwrülmegi ugrunda, şeýle-de ekologiýa abadançylygyny gazanmak ugrunda edilýän tagallalara subutnama hökmünde hödürleýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ençeme ýaşaýjylar döwlet telewideniýesine ýazgy edilenden soňra, bag nahallarynyň unudylýandygyny, olara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilmeýändigini aýdýarlar.

“Döwlet telewideniýesine surata düşürilenden soňra, bag nahallaryndan habar alynmaýar... Soňky 18 ýyl bäri dowam etdirilýän tokaýlaşdyrma syýasaty, megerem, pul ýuwmagyň, korrupsiýanyň, galyberse-de mejbury zähmetiň guralyna öwrülen bolsa gerek” diýip, bir býujet işgäri atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bag ekmek dabarasyna pul ýygnamaga mejbur edilýän býujet işgärleri “bu pullar agaç nahallarynyň idegine gönükdirilse gynanmazdyk” diýýärler.

Türkmenistanda häkimiýetler býujet işgärlerinden ol ýa-da beýleki maksatlar üçin yzygyderli görnüşde pul ýygnaýarlar.

Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasyna niýetlenip, býujet işgärlerinden mejbury pul ýygnalmagy barada şäher häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Oba hojalyk önümçiligine innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ekologiýa we ykdysady taýdan netijeliligi
Oba hojalyk önümçiligine innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ekologiýa we ykdysady taýdan netijeliligi
Türkmenistan sanly ulgamlary ösdürmekde "BlackSparc" IT kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder
Köpürjik nädip emele gelýär?