Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasyndaky ýük daşalşynyň möçberi artdy

Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasyndaky ýük daşalşynyň möçberi artdy

Şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasyndaky ýük daşalşynyň möçberi artdy. Bu barada Report saýty Бакинский международный морской торговый порт (Bakuwyň halkara deňiz söwda porty) ÝPJ-ne salgylanyp habar berýär.

Habarda Garadag raýonynyň Alýat posýologynda ýerleşýän Baku portunyň şu ýylyň I çärýeginde ýük dolanşygynyň 1,4 million tonnadan artandygy, munuň geçen ýylyň degişli döwründäkiden 16,7 % köpdügi bellenilýär.

2021-nji ýylyň birinji ýarymynda agyr ýük daşaýan ulag serişdeleriniň 9165-si daşaldy. Olaryň 6605-si (72%) Baku-Türkmenbaşy-Baku, 2560-sy (28%) Baku-Kuryk-Baku aralygyna gatnaýardy.

Baku portunyň gämi terminalynda 6611 wagon daşaldy. Olaryň 4897-si (74%) Baku-Türkmenbaşy-Baku we 1714-si (26%) - Baku-Kuryk/Aktau-Baku ugry boýunça ugradyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi APJ Özbegistandan Braziliýa ilkinji konteýner otlusyny ibermegi gurady
Azerbaýjanyň täze gämisi ilkinji ýüküni Türkmenistanyň portuna getirdi
Birža täzelikleri
Birža täzelikleri
14.11.2020 | Birža täzelikleri
Türkmenistanyň demirýolçylary Russiýa Federasiýasynyň "TRANSMAŞHOLDING" PJ bilen gepleşikleri geçirdiler