Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen şu ýylyň başyndan bäri 3 million 916 müň 800 tonnadan gowrak ýük daşaldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Bellenilişi ýaly, portuň umumy uzynlygy 1800 metrden gowrak bolan duralgalarynda bir wagtyň özünde gämileriň 17-sine hyzmat etmäge zerur şertler döredilendir. Konteýner terminaly bolsa bir wagtda 12 gäminiň ýüküni kabul etmäge ukyplydyr.
Şeýle-de portuň ýylda 300 müň ýolagça, 75 müň ýük ulagyna hyzmat etmäge, şeýle-de 400 müň konteýneri ýükläp-düşürmäge ukyby bardyr.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen 2021-nji ýylda 11,3 million tonnadan gowrak ýük daşaldy. Olaryň köp bölegi 6,5 million tonnadan gowragy eksport ýükler bolup, 1,2 million tonnasy import ýüklerdir.