1 3-nji noýabrda Daşkentde XIX halkara Ulag we logistika TransLogistica Uzbekistan 2023 sergisi geçiriler. Sergide ulag pudagynyň gazananlary, innowasion tehnologiýalary we çözgütleri görkeziler.
Bu çärä Azerbaýjan, Belarus Respublikasy, Germaniýa, Gruziýa, Gazagystan, Hytaý, Koreýa Respublikasy, Latwiýa, Litwa, BAE, Russiýa, Türkmenistan, Türkiýe, Özbegistan, Şweýsariýa ýaly 15 ýurtdan ulag we logistika şereketleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
TransLogistica Uzbekistan ulag bazarynyň öňdebaryjy wekillerini we şu ugur boýunça halkara hünärmenleri birleşdirýär. Ol logistika ulgamlarynyň kämilleşmegine, ulag infrastrukturasynyň, IT tehnologiýalarynyň, ulag we logistikanyň, maýa goýumlaryny çekmegiň, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýada ýük daşamagyň ösüşine ýardam edýär.
Sergä gatnaşýanlar dürli tehnologiýalar, önümler we dürli ulag görnüşleri bilen daşamak üçin çözgütler bilen tanşyp bilerler. Ýewraziýanyň ulag däliziniň möhüm halkasy bolan Türkmenbaşy halkara deňiz porty-da deňiz ýolagçylaryny we ýük daşamakda, şeýle hem üstaşyr ýükleri ulagyň bir görnüşinden beýleki görnüşine geçirmek boýunça öz mümkinçiliklerini görkezer.
Bu sergi ŞHG halkara ulag forumyny, EKO transport ministrleriniň 12-nji mejlisini we Aviation and Logistics-2023 halkara uçarçylyk forumyny öz içine alar. Forumlaryň iş maksatnamasynda panel sessiýalary, metbugat konferensiýalary we hökümet müdirlikleriniň wekilleri bilen duşuşyklar meýilleşdirilipdir.