Türkmenbaşy, Balkanabat we Serhetabat şäherlerine suw-sil geldi

Türkmenbaşy, Balkanabat we Serhetabat şäherlerine suw-sil geldi

Türkmenistanda yzygiderli ýagýan ýagyn zerarly ýurduň günbatarynda we günorta-gündogarynda birnäçe uly şäheri suw aldy.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, 14-nji aprelde Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerini suw alypdyr.

"Türkmenbaşy şäherinden tanşym ýagyşdan soň suwuň köçelerden derýa bolup akyp, deňiz tarapa gidendigini aýdýar" diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy 15-nji aprelde gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, ýagyş suwlary Balkanabat şäheriniň töwerek daşynda hem ýygnanypdyr.

"14-nji aprelde Balkanabatdan gelýän otlynyň ýolagçylary gürrüň berdiler. Demirýolyň depe bolup duran ýerlerden geçýändigine şükür, sebäbi çepden we sagdan topraga derek köl bolup dur" diýip, Azatlygyň habarçylarynyň biri habar berýär.

13-nji aprelde Azatlygyň diňleýjileri Mary welaýatyndaky ýagyn zerarly Serhetabat şäherine suw-sil gelendigini habar berdiler. Azatlyk Radiosyna gowşan wideo ýazgylaryň birinde sil suwlarynyň basan giňişliklerini görmek mümkin.

Mundan öň Mary welaýatynyň Tagtabazar şäheri we etraby suw-silden zyýan çekdi. 30-njy martda Tagtabazarda suwdan ýüzlerçe ýaşaýyş jaýa zeper ýetdi, onlarçasy doly ýumruldy.

Azatlygyň regiondaky habarçylarynyň sözlerine görä, soňky silden soň häkimiýetler Tagtabazar etrabynda käbir öňüni alyş çäreleri geçirip başlapdyrlar, emma olar ýeterlik däl.

"Tagtabazarda golaýda bolan suw joşgunyndan soň bent gurup başladylar.Suwdan zyýan çeken adamlar etrabyň stadionynda çadyrlarda ýaşaýarlar.Olary şol ýerde ýerleşdirdiler.Jaý gurmak üçin ýer berjekdiklerini aýtdylar.

Emma Murgap derýasyny gazmaly.Bilermenler suwuň joşmak howpunyň henizem uludygyny aýdýarlar.Murgap derýasynyň özi örän bulançak.Suwy Saryýazy suw howdanynda ýygnaýarlar, We her ýylda ol özüni 0.5 metre gömüp baýar.

Indi, her ýyl suw joşgunynyň howpy barha artýar.Hiç hili çäre bolsa görülmeýär" diýip, Azatlygyň regiondaky habarçysy aýdýar.

Mart aýynyň ortalaryndan bäri ýagan ýagyş suwlary Türkmenistanyň tutuş giňişliginde suwuň joşmagyna we siliň gelmegine sebäp boldy. 19-njy martda Balkan welaýatynda gelen sil Bereket we Serdar şäherlerini weýran etdi, regionyň ençeme obasy ejir çekdi.

13-nji aprelde sil türkmen paýtagtyna hem bardy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, tutuş gijäniň dowamynda şäheriň merkezi köçelerindäki ýerasty köprülerinden we geçelgelerinden suwy çekmek işleri amala aşyryldy. 14-nji aprelde irden ýene-de ýagyş ýagdy. Ýagynly howa 15-nji aprelde hem saklandy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we habar beriş serişdeleri ýurtda bir aýa golaý wagt bäri dowam edýän tebigy hadysalar we olaryň netijeleri barada dymmagyny dowam etdirýärler.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýurt ýaşaýjylary ýerli häkimiýetleriň ilata zerur kömegi bermekden köplenç ýüz öwürýändigini we ýaşaýjylaryň çeken zyýanynyň öwezini dolmaýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda bankomatlar ne kadaly işleýär, ne-de olarda pul tapdyrýar
Aşgabatda we onuň golaýynda güýçli ýagyn ýagyp, ýollary suw basdy
Ahal welaýatynda we paýtagtda ýagyş uly zyýan ýetirdi
Aşgabatda ýagan ýagyş ýol hereketini bökdedi
Türkmenabatda ýagyş zerarly agyz suw we lagym turbalary sandan çykdy
12.02.2018 | Paýtagtymyzda ýurdumyzyň suw hojalygy pudagyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy