Türkmenbaşy-Aşgabat ýolundaky heläkçilikde üç adam wepat boldy, ikisi ýaralandy

Türkmenbaşy-Aşgabat ýolundaky heläkçilikde üç adam wepat boldy, ikisi ýaralandy

Heläkçilikli ýol hadysasy dynç güni irki sagatlarda Türkmenbaşy we Aşgabat şäherleriniň arasynda boldy. Azatlygyň habarçylaryna we çeşmelerine görä, awtoulagda jemi bäş adam bolup, olardan diňe ikisi diri galydyr.

Ýol heläkçiligi 3-nji sentýabrda ir sagat 10:30 töweregi Türkmenbaşy-Aşgabat magistral ýolunynyň 287-nji kilometrinde ýüze çykypdyr. Azatlygyň habarçylaryň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, ulag hadysasyna paýtagta barýan "BMW" kysymly awtoulag sebäpkär bolup, aşa ýokary tizlikde sürüp barýan sürüji bir pursatda ony dolandyrmagy başarmandyr.

"Ýeňil ulagda jemi 5 adam bolup, olaryň 3-si wakanyň ýüze çykan ýerinde heläk boldy. Sürüji we bir ýolagçy ýeňil ýaralandy" - diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyga gürrüň berdi.

Habarçylaryň anyklan käbir jikme-jikliklerine görä, polisiýa diri galan ulag eýesini soraga çekende, ol öz transport serişdesini 160 km/s tizlikde sürendigini boýun alypdyr. Şeýle-de, polisiýa ýol heläkçiligine uçran 2000-nji ýylda öndürlen "BMW" ulagynyň yzky tekerlerini saklaýan demir detalynyň döwülendigini anyklapdyr.

"Hadysa bilen bagly jenaýat işi gozgaldy. Ulagyň ekspertiza işleri tamamlanyp, indi adamlaryň ölümine sebäpkär bolan şürüjiniň işine jenaýat we administratiw kodeksleriniň degişli maddalar esasyndaky günäsine sud tarapyndan serediler we jeza beriler" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berdi.

Ulag eýesi öz hususy awtoulagynda Türkmenbaşy we Aşgabat aralygynda ýolagçy gatnatmak bilen meşgullanyp, gazanç edýärdi.

Habarçylar bilen gürleşen polisiýa işgärleri Türkmenbaşy-Aşgabat awtoýolunyň hiliniň beýlekilerine garanda ganymat hasaplanýandygyny we şol sebäpli awtoulaglaryň köpüsiniň tiz sürýändigini belleýärler.

"Bu ýolda taksiler 160 we 200 km/sagat tizlikde ulag dolandyrýarlar. Gynansak-da, her aýda azyndan bir sapar adam pidaly ýol hadysasy hasaba alynýar" - diýip, Balkan welaýatynyň ýol polisiýasynyň uly seržanty adyny agzamazlyk şerti bilen gürrüň berdi.

Şeýle-de, habarçylar ýollarda radar we beýleki howpsuzlyk çäreleriniň ýetmezçilik edýändigini, uly ýoluň etrap we şäher merkezlerinden uzakda awarýa bolan ýagdaýynda tiz kömegiň wagtynda baryp ýetişmeýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda bolan bu soňky ýol hadysasy we ozalkylary barada polisiýa işgärleri habarçylarymyz bilen gürleşende anonim görnüşde maganlumat berdiler. Azatlyk Radiosynyň Içeri işler ministrliginden resmi görnüşde kommentariý almak synanyşyklarynyň ençemesi netije bermedi.

Türkmen resmileri ýurtda ýol heläkçilikleriniň bolýandygyny asla agzamaýarlar. Döwletiň doly garamagyndaky habar beriş serişdeleri hem ýol hadysalary barada habar bermeýärler.

Bu aralykda soňky aýlarda paýtagty welaýat merkezleri bilen baglanyşdyrýan uly gara ýollarda adam pidaly ýol hasydalarynyň ençemesi ýüze çykdy. Iýulda Aşgabat-Mary awtomagistralynyň ugrunda iki sany ýol hadysasy boldy. Hadysalarda ýedi adam, şol sanda tutuş bir maşgala heläk boldy.

Azatlygyň habarçylary şu ýylyň başyndan bäri ýurduň dürli sebitlerinde 10-a golaý ýol hadysasynyň bolandygy we bularda 30-a golaý adamyň heläk bolandygyny habar berdiler.

Türkmenistanda bolýan ýol hadysalaryna sürüjileriň ýol hereket düzgünlerini berjaý etmezligi, şol sanda ýokary tizlikde sürmegi we awtoulaglaryň tehniki näsazlygy ýaly ýagdaýlar bilen birlikde awtomobil ýollarynyň ýaramazlygy hem sebäp bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanabatda bolan ýol hadysasynda bir okuwçy heläk boldy, ýene biri ýaralandy
ABŞ-da Bolan Uçar Heläkçiliginde 5 Adam Ýogaldy
Gaza Ýarylmadyk Bombalar Sebäpli Howply Etaby Başdan Geçirýär
Meksikada awtobusyň agdarylmagy netijesinde 18 adam ýogaldy
Russiýada Bombardyman Uçary Heläkçilige Uçrady
Meksikada Dikuçar Heläkçilige Uçrady