Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenawtoulaglary agentligi 1000 sany Toyota Coaster kysymly orta synply we 250 sany Toyota Hiace kysymly kiçi synply awtobuslary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakynda Ýaponiýanyň Sumitomo Corporation kompaniýasy bilen şertnama baglanyşar.
Bu barada Hökümet mejlisiniň barşynda degişli resminama gol çekildi diýip, Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mejlisiň barşynda şeýle hem bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylary ulag serişdeleri bilen üpjün etmegiň maksatnamasy taýýarlanyldy.