Türkmenawtoulaglary azerbaýjanly we gyrgyz kärdeşleri bilen ýük dolanyşygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenawtoulaglary azerbaýjanly we gyrgyz kärdeşleri bilen ýük dolanyşygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenawtoulaglary agentliginiň wekilleri azerbaýjanly kärdeşleri bilen Awtoulaglar boýunça Bilelikdäki toparyň nobatdaky mejlisiniň çäginde ýük daşamalarynyň artmagy barada pikir alyşdylar.

Ara alyp maslahatlaşma onlaýn ýagdaýda geçirildi. Onuň dowamynda iki edaranyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere hem ünsi çekildi diýip, Agentligiň metbugat gullugy habar berýär.

Soňra Agentligiň wekilleri Gyrgyz Respublikasyndan bolan kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirdiler. Onlaýn ýagdaýdaky gepleşikleriň barşynda taraplar awtoulag ýük daşamalarynyň häzirki ýagdaýyny we awtomobil ulaglary arkaly daşalýan harytlaryň dolanyşygyny artdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryny seljerdiler.

Ýene degişli makalalar

Bank ulgamy: sanly hyzmatlaryň gerimi giňelýär
Balkanda 'gara bazar söwdasy' bilet gytçylygyny güýçlendirdi
Markayoly — harytlaryň köpdürli görnüşleri we onlaýn hyzmatlaryň ýokary hili
Post Shop söwda platformasy türkmen telekeçilerini we dürli haryt öndürijilerini hyzmatdaşlyga çagyrýar
Post Shop onlaýn dükany harytlaryň köp dürli görnüşlerini hödürleýär we Türkmenistanyň ähli künjegine eltip berýär
Türkmenistan Bütindünýä ulag güni Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlady