Türkmenaragatnaşyk agentliginiň ýolbaşçylary GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 60-njy maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň ýolbaşçylary GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 60-njy maslahatyna gatnaşdylar

4-nji iýunda, Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde ýokary derejede gurnalan mejlise Türkmenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan ýaly ýurtlardan, şeýle hem GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, Bütindünýä poçta birleşiginiň, GDA-nyň Döwletara statistika komitetiniň, GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Halkara maslahatda GDA agza ýurtlaryň telekommunikasiýa pudagynyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda, Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy H. Hudaýgulyýew sanly ulgamy giň gerimde ulanmak arkaly ykdysadyýetiň ösüş depginini ösdürmek, maglumat ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün etmek we bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata hödürlemek ýaly aragatnaşyk pudagynyň derwaýys meseleleri bilen çykyş etdi.

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy H. Hudaýgulyýew çykyşynyň ahyrynda halkara maslahata gatnaşyjy döwletleriň we guramalaryň wekillerini 2024-nji ýylyň 14-16 noýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek Türkmentel-2024 halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen GDA agza ýurtlaryň telekommunikasiýa pudagynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikiçäk görnüşde hem-de giňişleýin düzümde duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda maglumat we sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alyşmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine seredildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda GDA-nyň sebit aragatnaşygy we maglumat boýunça bilelikdäki mejlisi geçirildi
Türkmenistan-Hytaý: telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalarynyň ösdürilmegi maslahatlaşyldy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýadaky täze ilçisini wezipä bellendi, Türkmenistanda Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi giňeldiler, Hasyl toýuna taýýarlyk görülýär we beýleki habarlar
Türkmenistanda 3 million 149 müň 178 internet ulanyjysy bar
ÄLEM NURY SAHNADA
Dünýädäki alajagaplaňlaryň ýüze golaýy Türkmenistanda ýaşaýar