Türkmenaragatnaşyk agentliginiň wekiliýeti IT boýunça Cisco Live 2024 atly halkara forumyna gatnaşýar

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň wekiliýeti IT boýunça Cisco Live 2024 atly halkara forumyna gatnaşýar

Fewral aýynyň 5-9 aralygynda Gollandiýanyň paýtagty Amsterdam şäherinde IT ulgamynyň gerimini giňeltmek, sanlylaşdyrmak, tor hyzmatlary we programma üpjünçiligi, kiberhowpsuzlyk babatynda tejribe alyşmak we bu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça halkara Cisco Live 2024 atly uly tehniki-okuw çäresi geçirilýär.

Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa enjamlaryny öndüriji iň iri kompaniýalarynyň biri Cisco Systems tarapyndan her ýylda ýokary derejede geçirilýän bu foruma IT pudagynda ösüş gazanan ençeme ýurtlaryň wekilleri bilen Türkmenaragatnaşyk agentliginiň wekiliýeti gatnaşýarlar.

Bu çärä gatnaşýanlara döwrebap tehnologiýalar barada giňişleýin maglumat berýän seminarlara we sessiýalara gatnaşmak, halkara synaglara gatnaşyp Cisco şahadatnamasyna eýe bolmak, IT bilermenler bilen barlaghanalara gatnaşmak we olar bilen duşuşyp maslahat alyşmak, enjamlary we tehnologiýalary sazlamaga degişli özbaşdak tejribe barlaghanalarynda işleri geçirmek ýaly mümkinçilikler döredildi.

Şeýle hem, Cisco Live 2024 atly uly tehniki okuw çäresiniň çäginde halkara sergi meýdançasy gurnaldy. Serginiň çäginde Cisco Systems kompaniýasynyň täze öndüren enjamlary bilen tanyşdyrylyp, olaryň tehniki häsiýetnamasy öwrenildi. Şonuň bilen birlikde, sergä gatnaşyjylar sergi meýdançasyndaky daşary ýurt kompaniýalaryň öndürýän önümlerini has giňişleýin öwrendiler.

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Türkmentelekom EAK-nyň we Altyn Asyr YGPJ-niň hünärmenleri hem bu çärä işjeň gatnaşýarlar. 5-nji fewralda türkmen wekiliýeti Cisco Systems kompaniýasynyň wekilleri, şeýle hem IT pudagynyň bilermenleri we programma üpjünçiligini döredijiler Matthias Wessendorf, Tarique Shakil bilen duşuşyklar geçirdiler. Duşuşygyň çäginde maglumat merkezi (Data Center), onuň tehnologiýalary we ätiýaçlandyrylmasy babatynda meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, aragatnaşyk pudagynyň hünärmeni Cisco synaglara gatnaşyp, synaglardan üstünlikli geçmegi başardy we Cisco Certified Specialist - Data Center Core atly abraýly şahadatnama eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti IT boýunça “Cisco Live 2024” halkara forum gatnaşýar
8-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Baýramaly şäherinde durky täzelenen we täzeden enjamlaşdyrylan hassahana açyldy
Saglygy goraýyş pudagynda 50 sany täze milliarder peýda boldy
2020-nji ýylda dünýäde ak reňkli awtoulaglara has köp isleg bildirildi
27.10.2020 | Gurluşyk-senagat toplumy