Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde ussatlyk sapagy geçirildi

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde ussatlyk sapagy geçirildi

22-nji aprelde Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde, ABŞ-nyň Dallas uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk hünäri boýunça magistr derejeli, Signet Jewelers kompaniýasynyň maglumat howpsuzlygy boýunça inženeri, Türkmenistanyň raýaty Allamyrat Tüýliýew ýurdumyzda IT ulgamynda işleýän we bilim alýan ýaşlaryň hem-de Türkmenaragatnaşyk agentliginiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleriň, öňünde okuw-ussatlyk sapagy bilen çykyş etdi.

A. Tüýliýew öz çykyşynda, sanly maglumat, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlygy ulgamlarynda alnyp barylýan işler we öňde duran wezipeler barada giňişleýin gürrüň berdi.

Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda, tehniki serişdeler arkaly iberilýän we gaýtadan işlenýän maglumatlary goramak, ylmy-tehnologik, intellektual mümkinçiliklere esaslanýan sanly ulgama geçmegiň milli usulyny işläp taýýarlamak bilen bagly meseleler duşuşygyň esasy mazmunyny düzdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Aragatnaşyk ulgamynda ýetilen sepgitler atly okuw maslahaty geçirildi
3D printerleriň önümçiligi 30 esse artar
Fransiýanyň täze Premýer-ministri
Ispaniýada koronawirusa garşy göreşmek üçin akylly äýnek döredildi
Daşary ýurt metbugatyna syn